Hyzmatdaşlyk
07.10.2021
11302
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýoly bilen
Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
06.10.2021
13661
DIM-leriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi
2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň DIM-niň degişli departamentleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
01.10.2021
18943
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň DIM-de gepleşikler geçirdi
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
23.09.2021
33529
«C5+1» formatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň duşuşygy geçirildi
2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň «C5+1» formatyndaky onlaýn duşuşygy geçirildi. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
22.09.2021
32211
Aşgabatda Türkmenistanyň hökümetiniň BMG bilen bilelikdäki Maksatnamasyna gol çekildi
21-nji sentýabrda «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly BMG bilen bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy geçirildi.
21.09.2021
24898
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF-iň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bile duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirdi.
18.09.2021
15236
Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-ni ýurdumyzyň COVID-19 ýokanjyna garşy başlangyjyny goldamaga çagyrdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynda ŞHG-iň pandemiýa garşy göreşde türkmen başlangyçlaryny goldamagynyň bütin dünýäniň bähbidine laýyk gelýändigini belledi. Bu barada milli Liderimiz ŞHG-niň agza döwletleriniň Baştutanlarynyň ýubileý mejlisinde çykyş edende aýtdy.
18.09.2021
13138
Eziz Diýarymyz ŞHG-niň parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde eýeleýän pozisiýasyna ýokary baha berýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Duşanbede ýurdumyzyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meselelerinde eýeleýän pozisiýasyna ýokary baha berýändigini yglan etdi.
17.09.2021
16912
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy
Şu gün, 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy.
15.09.2021
9603
Türkmenistan XVII Ýewraziýa Media Forumynyň meýdançasynda
15-nji sentýabrda Gazagystanyň paýtagty Nursoltanda meýdançasynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini jemlän XVII Ýewraziýa Media Forumy işe başlady.