mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk

news-photo

28.04.2021

total-veiw

2662

Türkmenistan parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde parlamentara tagallalary birleşdirýär

Şu gün Milli Geňeşiň Mejlisinde parlamentleriň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk görnüşinde «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly duşuşyk geçirildi. Bu çäre türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça guraldy hem-de şanly senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we baky Bitaraplygyň 25 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyldy.

news-photo

28.04.2021

total-veiw

2671

Merkezi Aziýada ýadro ýaragsyz sebit: ählumumy howpsuzlyk ulgamynyň möhüm bölegi

Düýn Türkmenistan bilen ýadro ýaraglarynyň synaglaryny ählumumy gadagan etmek  barada Şertnama boýunça Guramanyň guramagynda geçirilen «Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjüne etmek: ýargsyzlanma babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak» atly Halkara maslahatynda wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Reşit Meredow  ýadro ýaýragyny ýaýratmazlygy we ýaragsyzlanmagy üpjün etmek, şeýle hem ýurdumyzyň Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat sebiti döretmek barada Şertnamany ilerletmekde möuüm orun eýeleýändigini  belledi.

news-photo

27.04.2021

total-veiw

9300

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly

Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy. Neşiriň sahypalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara syýasy işjeňligine aýratyn orun berilýär.

news-photo

27.04.2021

total-veiw

2829

BMG Ekoulgamy dikeltmegiň Onýyllgyny yglan etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2021-2030-njy ýyllary Ekoulgamy dikeltmegiň on ýyllgy diýip yglan etdi.

news-photo

27.04.2021

total-veiw

2652

ÝAYB-nde umumy gaz bazary barada ylalaşygyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy

Ýewraziýa ykdysady komissiýasy (ÝYK) Ýewraziýa ykdysady bileleşigiň (ÝAYB) ýurtlaryna umumy gaz bazary barada ylalaşygyň taslamasyny iberdi diýip TASS habar berýär.

news-photo

27.04.2021

total-veiw

4302

Walentina Matwiýenko: Türkmenistan – halkara arenasynda abraýly ýurt

Rossiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkodan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň wezipesine saýlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy. Bu hakda РИА Федеральное агентство новостей neşiriniň saýtynda habar berilýär.

news-photo

26.04.2021

total-veiw

3831

Rusiýa24: ahal-teke atlary – dünýä atşynaslyk medeniýetiniň naýbaşy bedewleridir

Golaýda ýurdumyzda ilkinji gezek Tükmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bilelikde bellenildi. Ahal-teke bedewlerine we alabaýlara bagyşlanyp dürli çäreler geçirildi.

news-photo

24.04.2021

total-veiw

4986

Merkezi Aziýa ýurtlary we ABŞ «С5+1» görnüşde wideoduşuşyk geçirdiler

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 23-nji aprelde «С5+1» görnüşde onlaýn-gepleşikler geçirdiler. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmegiň barşy, pandemiýa garşy göreş, howanyň üýtgemegi we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

news-photo

22.04.2021

total-veiw

5251

Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy

BMG-den gelip gowşan hoş habarlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň belent halkara abraýynyň, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy. Mundan başga-da, 21-nji aprelde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.

news-photo

22.04.2021

total-veiw

3318

Aralyň meselesini çözmek – wideoduşuşygyň gün tertibinde

2021-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýardam bermeginde Halkara Ene-Zeminiň gününiň bellenilmegi mynasybetli göni wideoaragatnaşyk arkaly «Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn dialog» geçirildi.

...444