Hyzmatdaşlyk
30.01.2026
3316
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň arasynda duşuşyk geçirildi.
30.01.2026
3623
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-rus syýasy geňeşmeleri geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mihail Galuziniň gatnaşmagynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.
30.01.2026
3281
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Konstantin Sabiaşwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
29.01.2026
3876
Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
29.01.2026
4691
Pekin şäherinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp dabara geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň Türkmenistanda: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan kitabyna bagyşlanyp tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
29.01.2026
4476
Bişkekde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanylan çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli çäre geçirildi.
28.01.2026
3339
YHG-nyň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça möhüm ädimler
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.
28.01.2026
3480
Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Azerbaýjan Respublikasynda iş sapary bilen bolýan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň direktory Parahat Jumaýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti “Baku halkara deňiz porty” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory Eldar Salahow bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow hem gatnaşdy.
28.01.2026
3356
Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi
2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Ýunus Emre adyndaky institutda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan çäre geçirildi.
28.01.2026
2400
Aşgabatda «Özbegistan – 2030» strategiýasy hödürlendi
28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Özbegistan – 2030» strategiýasynyň mazmunyna we onuň täzelenen taslamasyna bagyşlanan brifing geçirildi.