Hyzmatdaşlyk
24.09.2025
2915
Merkezi Aziýa parahatlyk we ynanyşma zolagy bolup galmalydyr
Sentýabr aýynyň ahyrynda Özbegistanyň Termez şäherinde Merkezi Aziýa üçin terrorçylyga garşy irki duýduryş ulgamynyň çäginde howpuň derejesini anyklamak we görkezijileri işläp düzmek boýunça sebitleýin okuw geçirildi. Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşan bu okuw sebitiň öňdebaryjy hünärmenlerini we alymlaryny bir ýere jemledi.
24.09.2025
2887
Türkmenistan we Kuweýt energetika we ulag pudagyny hyzmatdaşlygyň esasy geljegi hökmünde bellediler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bolan ugurlary hökmünde ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryny kesgitlediler.
24.09.2025
4817
Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň adyndan Ilçi N.Golliýew wekilçilik etdi. Foruma sebit döwletleriniň parlamentleriniň baştutanlary hem gatnaşdy.
23.09.2025
5320
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli mejlisine gatnaşdy.
23.09.2025
4072
BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary hanym Rozmari Dikarlonyň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.09.2025
3791
BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýubileý mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kuba Respublikasynyň Daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
23.09.2025
3215
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň arasynda duşuşyk geçirdi.
23.09.2025
3297
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirdi.
23.09.2025
3317
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hançžou şäheriniň Halk hökümetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sýuý Sinşanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
19.09.2025
5505
Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasynyň 69-njy mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 15–19-njy sentýabry aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) 69-njy mejlisiniň işine gatnaşdy.