Hyzmatdaşlyk
14.08.2025
5177
Awaza syýasy Jarnamasynyň strategik ähmiýeti
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasy 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň netijelerini jemleýän resminama bolup, 2024 — 2034-nji ýyllar üçin täze strategik gün tertibini kesgitleýär.
14.08.2025
3766
Türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň maliýe-ykdysady pudagyndaky geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamow Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal Maliýe we girdejiler ministri senator Muhammad Aurangzeb bilen duşuşdy.
12.08.2025
3897
Koreýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
2025-nji ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ji Kýu-Tek bilen duşuşyk geçirdi.
12.08.2025
4002
Türkmenistanyň Ilçisi Ýapon şäherleri Hirosima we Nagasakiniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow 2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hirosimada we 2025-nji ýylyň 9-njy awgustynda Nagasakide agzalan ýapon şäherleriniň atom ýaragy bilen bombalanmagynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.
11.08.2025
4918
Umumy maksatlaryň bähbidine netijeli dialogy pugtalandyryp
Hazaryň türkmen kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm goşant boldy.
11.08.2025
4694
Türkmenistan bilen Çad Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki mümkinçiliklere garaldy
2025-nji ýylyň 9-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri - delegaty Fatima Aljina Garfa bilen duşuşdy.
10.08.2025
5566
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Şu ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi.
08.08.2025
4662
Umumy maksat — röwşen geljegi gurmak
Köp sanly türkmen we daşary ýurt žurnalistleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýörite brifing BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlandy.
08.08.2025
3405
BMG-niň wekilçilikli forumy öz işini tamamlady
Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine DÇBÖBD-niň, halkara guramalaryň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
08.08.2025
3724
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasy
1. Biz, döwlet we hökümet Baştutanlary hem-de ýokary derejeli wekiller, hökümet hem-de hökümete dahylsyz guramalaryň, hususy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň, ylmy toparlaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösmegi babatda gün tertibini ilerletmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada (Türkmenistan)