Jemgyýet
24.05.2026
3623
Paýtagtymyzda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.
23.05.2026
2413
Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramyny giňden bellemäge taýýarlyk görülýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde öňde duran Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Meýilleşdirilen dabaralar barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.
23.05.2026
3189
«Ak şäherim Aşgabat» atly halkara sergisi öňdebaryjy tehnologiýalar we innowasiýalar bilen tanyşmaga çagyrýar
Şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisiniň we maslahatynyň öz işine başlajakdygyny habar berýäris.
22.05.2026
4478
Aşgabatda türk aşhanasynyň hepdeligi badalga aldy
Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda däp boýunça 21–27-nji maý aralygynda geçirilýän türk aşhanasynyň hepdeligine bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanyň edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
21.05.2026
3471
Aşgabat – ýaş nesilleriň mümkinçilikleriniň şäheri
Her bir şäheriň taryhynda jemleri jemlemäge we geljege nazar aýlamaga mümkinçilik berýän aýratyn seneler bolýar. Türkmenistanyň paýtagty üçin 25-nji maý şeýle möhüm günleriň biridir. Bu senede ak mermerli paýtagtymyz dabaraly ýagdaýda Aşgabat şäheriniň gününi belleýär.
20.05.2026
4072
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ileri tutulýan ugurlary wagyz edildi
«Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2026-njy ýylyň maý aýynyň 1 – 31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda paýtagtymyzyň Erkin döredijilik mekanynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
19.05.2026
3777
Türkmenistanda ýagyşly we yssy howanyň bolmagyna garaşylýar
Şu hepdede Türkmenistanda ýagşyň ýagmagy we şemalyň güýçlenmegi bilen utgaşýan ýagynly howa bolar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, yssy howanyň peselmegine garaşmaly däl. Gündizlerine ýurdumyzyň welaýatlarynda howanyň temperaturasy +35 gradus we ýokary bolar.
17.05.2026
5196
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaralar belentden tutulýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly kalplarymyza unudylmajak röwşenlik nuruny çaýyp, hakydalara hemişelik ýazylýar.
16.05.2026
4538
Ýeňişli gadamlaryň we mizemez dostlugyň şanyna baýramçylyk dabarasy
Paýtagtymyzda türkmen atşynaslarynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanan dabara guraldy.
14.05.2026
4312
Habar beriş serişdeleriniň wekilleri media sowatlylygy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar
Soňky ýyllarda ählumumy media pudagy emeli aň tehnologiýalarynyň täsiri astynda düýpli özgerişlere sezewar boldy. Şol bir wagtyň özünde, zyýanly mazmunly maglumatlaryň ýaýramak howpunyň artýandygy görünýär. Şol sebäpli-de, media sowatlylygy ilatyň ähli gatlaklary, ilkinji nobatda bolsa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň hünärmenleri üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolýar.