Jemgyýet
24.05.2023
9318
“Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi
Şu gün paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.
23.05.2023
64424
Arkadag şäheri — ýaşlygyň we gözelligiň şäheri
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi.
22.05.2023
7619
Türkmenistanda yssy howa düşmegine garaşylýar
Maý aýy tamamlanyp gelýär we tomus howasy ýuwaş-ýuwaşdan bat alýar. Hepdäniň dowamynda Türkmenistanda +38 dereje yssy howa bolar diýlip, çak edilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bulutly howa bolar. Käbir welaýatlarda gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin.
22.05.2023
5929
Arkadag şäherinde 123 belgili ulgam ornaşdyrylýar
Türkmenistanda ilkinji «akylly» Arkadag şäherinde dessin gulluklary çagyrmak üçin 123 belgi ulanylar.
19.05.2023
5906
Türkmenistanyň Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi. Bu barada döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji sammitinde eden çykyşynda belledi.
18.05.2023
9334
Ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Şu gün Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli döwlet derejesinde guralýan baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň durmuş ulgamynyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän häzirki zaman “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi.
18.05.2023
4903
Welaýatlarda lukmançylyk-durmuş düzüminiň kämilleşdirilmegine telekeçileriň goşandy
Şu gün Mary welaýatynyň edara ediş merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasyna degişli bolan dermanhananyň açylyş dabarasy boldy.
17.05.2023
9654
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat
Şu gün paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Berkarar döwlet we ösüşiň täze eýýamy: döwletliligiň, demokratiýanyň, adam gymmatlyklaryny hormatlamagyň nusgawy ýoly” ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi.
16.05.2023
4424
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Mejlisde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk bilen bagly meselelere garaldy. Bu saýlawlary Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 23-nji iýulynda geçirmek bellenildi.
16.05.2023
4935
Owganystanda türkmen lukmanlary ynsanperwer kömek hökmünde işe başladylar
Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Buýrugy esasynda 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda 3 sany türkmen lukmanlary owgan zenanlaryna hem-de çagalaryna bejeriş we maslahat beriş ýardamlaryny bermek üçin Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesindäki 2016-njy ýylda Türkmenistan tarapyndan ynsanperwer kömegi hökmünde gurlup berlen 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüne geldiler.