Jemgyýet
19.06.2021
6600
Saglygy goraýyş ulgamy kämilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Daşoguzda 450 orunlyk täze köpugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa keselhanasy gurulýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň täze iri iki desgasynyň gurluşygyny «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýokary depginde alyp barýarlar. Görogly köçesiniň ugrunda golaý ýerleşýän bu iki bina on bäş gektara golaý meýdany tutýar.
15.06.2021
5400
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary täzeden döredilýär
Şu günler Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi saýlaw toparynyň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanýandygy bilen baglylykda, olary täzeden döretmek we düzümine wekilleri hödürlemek boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.
15.06.2021
5775
Bütindünýä donorçylyk güni we Türkmenistanda donorçylygyň möhüm ugurlary
Her ýyl 14-nji iýunda dünýäniň dürli ýurtlarynda Bütindünýä donorçylyk güni (World Blood Donor Day) bellenilýär. Ol 2005-nji ýylyň maý aýynda Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş Assambleýasynyň 58-nji mejlisinde döredildi. 14-nji iýunyň saýlanylmagy tötänlik däldir. 1868-nji ýylyň 14-nji iýunynda adam ganynyň toparlaryny açandygy üçin 1930-njy ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolan awstriýaly lukman Karl Landşteýner doguldy.
15.06.2021
35170
Tebigaty goramak umumy wezipämizdir
17-nji iýun çölleşmä we gurakçylyga garşy Bütindünýä göreş günüdir. Laýyk 25 ýyl mundan öň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi BMG-niň çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasyny tassyklady.
11.06.2021
7750
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler
Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 4-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, şu gün Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda ak pata berdi.
11.06.2021
44922
“Saglyk” Döwlet maksatnamasy: halk bähbitli täze başlangyçlar
Şu gün paýtagtymyzda saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparynyň 2021-nji ýyldaky I mejlisi geçirildi.
11.06.2021
3995
Emeli gaýa çykmak boýunça çagalar gözden geçirilişi
«Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki emeli gaýada geçirilen gaýa çykmak boýunça festiwal çagalar üçin hakyky sport baýramy boldy.
11.06.2021
7523
«Türkmeniň ak öýi» – Daşoguzyň täze binagärlik keşbiniň bir bölegi
Daşoguzda «Türkmenin ak öýi» atly sosial-medeni maksatly täze uly desganyň gurluşygy jemleýji tapgyra girdi.
09.06.2021
29966
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby italýan diline terjime edildi we çapdan çykdy
Milli Liderimiziň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eseri uly ruhy ähmiýete eýedir, sebäbi onda umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär.
09.06.2021
4528
Lebapda täze howa menziliň gurluşygy tamamlanýar
«Gündogdy» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde howa menziliniň gurluşygyny tamamlaýar. Şäheriň demirýol menzilinden we Türkmenabat – Kerki awtomobil ýolundan uzak bolmadyk aralykda telekeçileriň işläp düzen taslamasy boýunça sagatda 100 ýolagçyny üstünden geçirmek ukyby bolan terminalyň binasy gurlup, «Türkmenhowaýollary» Agentliginde ulanylýan uçarlaryň ähli kysymyny kabul edip biljek 2,7 kilometrlik uçuş-gonuş zolagy çekilipdir.