Jemgyýet
05.01.2024
3334
Döwrebap uçarlar Diýarymyzyň howa gatnawlarynyň ugurlaryny giňeldýär
Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy.
04.01.2024
4222
Statistika baradaky döwlet komiteti ÝUNISEF bilen bilelikde MICS halkara maksatnamasyny durmuşa geçirýär
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň goldawy bilen, şu ýylyň 4-nji ýanwarynda ýedinji tapgyryň çäginde köp görkeziji toparlaýyn gözlegden maglumat ýygnamaga başlaýar.
01.01.2024
5174
Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Şu gün Döwletliler köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen zalynda Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Onuň dowamynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
31.12.2023
24735
Türkmenistan täze — 2024-nji ýyly jebislikde, ýagşy arzuwlar bilen garşylady
Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, köp garaşdyran Täze ýyl baýramy ýetip geldi.
28.12.2023
4011
Ýurdumyzda tapawutlanan ýaşlary sylaglamak dabaralary geçirildi
Şu gün Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan ýaşlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň hem-de ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan sowgatlaryň, Hormat hatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi.
27.12.2023
13605
Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar
Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi.
27.12.2023
5348
Aşgabatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahaty we sergi öz işine başlady
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Ol «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemleýän özboluşly çärä öwrüldi.
25.12.2023
4221
Belent maksatlar üstünliklere beslenýär
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryna bagyşlanyp, “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary — çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk ýoly” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.
25.12.2023
4544
Ýyly howa hepdäniň ahyryna çenli saklanar
Türkmenistanda tamamlanyp barýan ýylyň soňky iş hepdesi örän ýyly bolar.
23.12.2023
4080
Ýaş žurnalistleriň arasynda yglan edilen «Ýaşlar – beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek maksadyndan ugur alnyp yglan edilen «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.