Medeniýet
03.04.2025
1398
«Made in Italy» günleri, ýewropaly ýerine ýetirijileriň konserti we Aşgabatda geçiriljek beýleki medeni çäreler
Aşgabat şäheri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli mirasy goldamaga hem sungat arkaly halkara gepleşikleri berkitmäge gönükdirilen dürli medeni çäreler üçin meýdança boldy.
02.04.2025
2951
«Mirasly senet» guramasy türkmen senetçiliginiň däplerini we döwrebaplygyny utgaşdyrýar
Türkmenistanyň medeni mirasy — sungatyň, durnuklylygyň we tebigata hormat goýmagyň ajaýyp utgaşygydyr. Onda ýurduň maddy we maddy däl medeni baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolan senetçilik aýratyn orun tutýar.
01.04.2025
3651
Gadymy arheologik tapyndy – taryhyň bir parçasy
Gadymy Gürgençde şäher medeniýetiniň derejesi ýokary bolupdyr. Muňa sebitde, şol sanda Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde-de dürli gazuw-agtaryş işleri geçirilende, ýüze çykarylan arheologik tapyndylar-da şaýatlyk edýär.
01.04.2025
2773
Mekdep okuwçylary Halkara guşlar gününe bagyşlanan bäsleşige gatnaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara guşlar gününe bagyşlanan «Guşlar dünýäsi» bäsleşiginiň jemi jemlendi.
01.04.2025
3519
Türkmenistanda «Tebigatyň sesi» atly wideobäsleşik başlanýar
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy ýaş höwesjeňleri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça işiniň (ÝUNESKO) çäginde bilelikde geçirilýän «Tebigatyň sesi» wideobäsleşige çagyrýar.
01.04.2025
3212
«Guşlaryň owazy – parahatçylygyň güwäsi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, ýaş nesillerde türkmen tebigatyna söýgi döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
29.03.2025
3097
Dünýä simfoniki sazlarynyň ajaýyp eserleri ýaňlandy
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda simfoniki sazlarynyň konserti diňleýjileriň alkyşyna mynasyp boldy. Nusgawy sazlaryň muşdaklary üçin Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri çykyş etdi.
28.03.2025
4660
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Balkan welaýatynda çykyş edýär
Ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gyzykly, şowhunly göçme çykyşlary dowam edýär. Bu özboluşly baýramçylygy Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň birleşen toparlary bilelikde guraýarlar.
27.03.2025
3695
Moskwa şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp kitap sergisi geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy martynda Moskwa şäherinde M.I.Rudomino adyndaky daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda kitap sergisi geçirildi.
27.03.2025
3564
Nakgaş Orazgylyç Öwezowyň şahsy sergisi açyldy
65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde nakgaş Orazgylyç Öwezowyň şahsy sergisi açyldy.