Resmi
18.02.2023
7306
Türkmenistanyň Prezidentiniň S.B.Palwanow hakynda Permany
Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky (Brýussel şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sapar Begžanowiç Palwanowy Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky wekilçiliginiň ýolbaşçysy wezipesine bellemeli.
18.02.2023
6315
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
«Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda
17.02.2023
6197
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny has-da ösdürmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Ahal welaýatynyň bilim edaralarynyň orta hünär bilimli işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertipde döretmek hem-de şu okuw mekdebiniň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.
16.02.2023
9428
Türkmenistanyň Prezidentiniň T.A.Nurow hakynda Permany
Toýguly Allanurowiç Nurowy Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellemeli.
16.02.2023
8002
Türkmenistanyň Prezidentiniň M.I.Gurbanow hakynda Permany
Meretdurdy Isgenderowiç Gurbanowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
16.02.2023
8317
Köneürgenç etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek M.Atakeýewiň üstüne ýüklenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň häkiminiň orunbasary Merdan Tirkeşowiç Atakeýewiň üstüne ýüklenildi.
11.02.2023
10593
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Begenç Seýdillaýewiç Atagulyýew «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy.
10.02.2023
7084
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY A.BEGLIÝEW hakynda
Aşyrguly Begliýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatmaly.
10.02.2023
20554
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY B.I.ANNAMÄMMEDOW hakynda
Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatmaly.
10.02.2023
20795
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.A.JORAÝEW hakynda
Serdar Açyldurdyýewiç Joraýewi Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.