Ï Ýurdumyzda «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly täze elektron žurnal dörediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly täze elektron žurnal dörediler

view-icon 147
Ýurdumyzda «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly täze elektron žurnal dörediler

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny döretmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Bu başlangyç sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan makullanyldy.

Wise-premýer B.Mämmedowyň habar bermegine görä, taslama ylym-bilim ulgamyny ösdürmek boýunça Milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar. Täze sanly neşir oba hojalyk toplumynda gazanylan öňdebaryjy tejribeler we häzirki zaman ylmy barlaglarynyň netijeleri bilen giň okyjylar köpçüligini tanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Žurnal elektron görnüşde çap ediler hem-de agronomiýa, agroekologiýa, gidromeliorasiýa, sanly oba hojalygy, şeýle hem agrosenagat toplumynda ýokary tehnologiýalar ýaly esasy ugurlary öz içine alar.

Neşirler türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilip, ýerli hem-de daşary ýurtly professorlaryň, alymlaryň, mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işlerini bir meýdançada jemlemäge mümkinçilik döreder.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri we ýaş alymlary taýýarlamaga, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belläp, täze žurnaly döretmek baradaky teklibi goldady hem-de onuň ýokary ylmy-usulyýet derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.