Sport
03.06.2025
3848
«Altyn asyr» topary utuk sany boýunça «Ahal» topary bilen deňleşdi
Ýokary liga toparlarynyň arasynda geçýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 12-nji tapgyry Aşgabatda we Balkanabatda bolan iki duşuşyk bilen tamamlandy.
02.06.2025
4322
Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy (U17) Daşkentde geçirilen CAFA 2025 çempionatynda bürünç medaly eýeledi
Türkmenistanyň futbol boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndy topary (U17) Daşkentde tamamlanan Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynda 3-nji orun ugrundaky oýunda Gyrgyzystanyň toparyny ýeňip, bürünç medala eýe boldy.
02.06.2025
2942
Tbiliside Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanyp futbol ýaryşy geçirildi
2025-nji ýylyň 27-nji maýyndan 2-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda birnäçe futbol toparlarynyň, şeýle hem Gruziýanyň sport uniwersitetiniň “Sportuni” we Wake sport merkeziniň “Kartli” futbol toparlarynyň gatnaşmaklarynda futbol ýaryşy geçirildi. 1991-nji ýylda esaslandyrylan “Kartli” futbol topary birnäçe meşhur gruzin türgenlerini ösdürip ýetişdirdi.
01.06.2025
1692
Aşgabatda maýyp çagalar üçin tennis tälimçilerini taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi
Milli tennis federasiýasynyň 12 hünärmeni maýyp çagalar üçin tälimçileri taýýarlamak boýunça internet arkaly geçirilen maslahatyň çäginde okuwy tamamlady.
31.05.2025
2466
«Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynda öňdeligini berkitdi
«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda öňdeligini güýçlendirip, iň ýakyn bäsdeşi «Ahal» toparyndan tapawudyny 5 utuk artdyrdy.
31.05.2025
3158
«Köpetdag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda öňdeligini saklaýar
Aşgabadyň «Köpetdag» topary ýakyn bäsdeşi «Ahal» toparyndan 5 utuk öňe saýlanyp, Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda öňdeligini ynamly dowam etdirýär. Bu Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilen 9-njy tapgyryň netijelerinden soň şeýle boldy.
31.05.2025
2392
Aşgabatda Ýewropa güni we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ylgaw boýunça sport ýaryşy geçirildi
Şu gün Aşgabatda baýramçylyk ruhunda geçirilen köpçülikleýin ylgawa dürli ýaşdaky 500-den gowrak adam gatnaşdy.
29.05.2025
2979
Futbol boýunca 2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogy ýaryşynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň garşydaşlary kesgitlenildi
Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda futbol boýunça 2026-njy ýyldaky Aziýa Kubogy saýlama ýaryşyna bije çekişlikde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Taýwanyň we Butanyň milli ýygyndy toparlary diýlip kesgitlenildi.
29.05.2025
3644
Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Aşgabat tapgyry başlandy
Futzal boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň Aşgabat tapgyry Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda 8-nji tapgyryň duşuşyklary bilen başlandy.
29.05.2025
2189
Türkmenistanda Ýewropa gününi bellemegiň çäklerinde köpçülikleýin ylgaw boýunça ýaryş geçiriler
31-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanda Ýewropa gününi bellemegiň çäklerinde 2, 5 we 10 kilometr aralyga parahatçylyk we ynanyşmak ruhunda köpçülikleýin ylgaw boýunça ýaryş geçiriler.