Sport
17.08.2024
4719
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynyň üçünji aýlawy başlandy
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň ýokary ligasynyň uzaga çeken arakesmeden soň 19-njy tapgyry «Ahal» bilen «Aşgabat» toparynyň duşuşyklary bilen dowam etdi.
15.08.2024
5961
«Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň täze ýaryşynda ilkinji çykyşyny üstünlikli tamamlady
Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň oýunçylary AFK-2 Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda myhmançylykda Hindistanyň «Ist Bengal» toparyny 3:2 hasabynda ýeňmek bilen, Aziýanyň täze klub ýaryşlarynda ilkinji çykyşyny üstünlikli amala aşyrdy.
14.08.2024
5664
Türkmenistanyň boksçulary Gazagystanda halkara ýetginjekler ýaryşynda medallaryň 6-syny gazandylar
Gazagystanyň Aktau şäherinde boks boýunça tamamlanan halkara ýaryşynda türkmen boksçulary dürli derejeli medallaryň altysyny gazandylar. Ýaryş SSSR-iň sport ussady Bokenbaý Saktaganowyň hatyrasyna bagyşlandy.
14.08.2024
4298
Türkmenistanyň kýorling boýunça topary ýygnanyşyk türgenleşigine Norwegiýa ugrar
17–23-nji awgust aralygynda Norwegiýada kýorling boýunça halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary 14 ýurtdan, şol sanda Türkmenistandan, Şwesiýadan, Ispaniýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan toparlary bir ýere jemlär.
12.08.2024
5503
Türkmenistanly tennisçi Malaýziýada geçýän ýaryşlarda jübütlikde çykyşda kümüş medala mynasyp boldy
14 ýaşly Türkmenistanyň tennisçisi Ilima Guseýnowa Malaýziýada tamamlanan «Selangor Asian 14 & Under Grade A (Southeast Asia)» halkara ýaryşlarynda jübüt bolup oýnamakda kümüş medala mynasyp boldy.
11.08.2024
6064
Dawranbek Hasanbaýew Parižde geçen Olimpiada-2024-de ilkinji gezek çykyş etdi
Parižde geçen XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletikaçylar 102 kilograma çenli agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşdiler.
06.08.2024
6007
Walentina Meredowa Pariž Olimpiadasyndaky çykyşyny 2024-nji ýylyň möwsümindäki iň gowy netijesi bilen tamamlady
Parižde dowam edýän XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletikaçylar 100 metr aralyga ylgamakda medallar ugrunda bäsleşdiler. Türkmenistana bu ýaryşda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň sport klubundan sport ussady Walentina Meredowa wekilçilik etdi.
04.08.2024
5499
Türkmen tennisçisi ilkinji gezek Roland Garros ýaryşynyň ýetginjekleriň arasynda saýlama ýaryşyna gatnaşar
Ýurdumyzyň tennis taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň wekili 5–9-njy awgust aralygynda Almaty şäherindäki «Gorky Tennis Park» tennis meýdançalarynda geçiriljek Roland Garros ýetginjekleriň arasynda saýlama ýaryşyna gatnaşar. Sabrina Rahmanowa ýaryşyň guramaçylaryndan bu bäsleşige gatnaşmak üçin adaty talaplardan boşadylyp, «wild card» alyp, şeýle abraýly ýaryşda ýurdumyza wekilçilik etmek hukuk aldy.
30.07.2024
6254
Türkmen dzýudoçylary Pariž Olimpiýa oýunlarynda çykyşlaryny tamamladylar
Parižde geçirilýän XXXIII tomusky olimpiýa oýunlarynda dzýudoçylar erkekleriň arasynda 66 kg, zenanlaryň arasynda 57 kg çenli agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşdiler.
28.07.2024
7483
Türkmen dzýudoçylary Pariž Olimpiýa oýunlarynda çykyş edýärler
27-nji iýulda Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça ýaryş başlandy, oňa bäş yklymyň 122 ýurdundan 378 (192 erkek we 186 zenan) türgen erkekleriň arasynda ýedi we zenanlaryň arasynda ýedi agramda 14 medallar toplumy ugrunda bäsleşerler.