Sport
03.06.2024
5891
Ankarada Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreler geçirildi
2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkiýäniň Welosport Federasiýasy bilen bilelikde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosiped ýörüşini gurnady.
03.06.2024
6843
Aşgabat täze sport üstünliklerine tarap ynamly öňe barýar
Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda paýtagtymyzyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri” atly baýramçylyk çäreleri geçirildi.
02.06.2024
5501
Futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistanyň ýygyndysy Grenlandiýanyň toparyny uly hasap bilen utdy
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Grenlandiýanyň toparyny 5:0 hasabynda utdy.
01.06.2024
6395
Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi
Şu gün, asylly däbe görä, Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli çagalar tennis festiwalynyň açylyş dabarasy, şeýle hem Aziýanyň tennis federasiýasy (ATF) tarapyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilendigi baradaky güwänamanyň gowşurylyşy boldy.
31.05.2024
5363
Türkmen futbolçylary taryhda ilkinji gezek Grenlandiýanyň milli ýygyndysy bilen duşuşarlar
Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň futbolçylary milli ýygyndylar derejesinde ilkinji gezek duşuşarlar.
31.05.2024
5811
Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäginde Türkmenistanda welosiped marafony başlandy
Şu gün Türkmenistanda her ýylyň 3-nji iýunynda bellenýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýaryşy başlandy.
30.05.2024
4133
Türkmenistanly türgenler Indoneziýada geçirilen kiokuşinkaý karate boýunça dünýä çempionatynda dört medal eýelediler
Türkmenistanly türgenler Jakartada (Indoneziýa) geçirilen kiokuşinkaý karate boýunça dünýä çempionatynda iki altyn we iki kümüş medal gazandylar.
30.05.2024
4811
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreler geçirilýär
Paýtagtymyzda 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligi bilen başlandy.
29.05.2024
4479
Türkmenistanly ITF taekwondo ussatlary Estoniýada geçirilen «Balt Cup-2024» halkara ýaryşynda 37 medal gazandylar
Türkmenistanly türgenler Estoniýanyň paýtagtynda geçirilen ITF taekwondonyň olimpiýa däl görnüşi boýunça «Balt Cup-2024» halkara ýaryşynda 20 altyn, 7 kümüş we 10 bürünç medal gazanyp begendirmegi başardylar.
28.05.2024
9266
Aşgabat — Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 24-nji maýda türkmen paýtagtynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde biragyzdan kabul edildi. Munuň özi Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly seslenmä eýe bolan bu şanly waka Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly goşandynyň nobatdaky ykrarnamasydyr.