mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Teswirlemeler

27.10.2021

total-veiw

7992

Merkezi Aziýanyň geljegi ugrunda

Aşgabatda geçirlen ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer taýdan baglanşykly sebitdäki halklaryň abadan durmuşy ugrundaky tutan umumy maksadyna ýene bir goşant boldy.

20.10.2021

total-veiw

9765

Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň hem-de üstaşyr polat ýollarynyň kuwwatyny artdyrýar

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli halkara forumlarda eden çykyşlary Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

12.10.2021

total-veiw

9183

Milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatynyň baş maksady — halk baradaky alada

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde şu ýubileý ýylynyň dokuz aýynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygynda işleýän kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri 10 göterim ýokarlandyryldy. Bu çözgüt Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

12.10.2021

total-veiw

20610

Türkmenistan elektrik energiýasyny bol öndürýän we eksport edýän ýurtdur

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde ýylyň başyndan bäri ýurtda elektrik energiýasynyň öndürilişiniň ösüş depgininiň 111,6%, eksportynyň bolsa 134,5% barabar bolandygy bellenildi. Meýilnama, degişlilikde 113.3 we 178,1% ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň elektrik energiýasy pudagynyň we eksport mümkinçiliginiň şeýle çalt ösmegi soňky ýyllarda amala aşyrylýan maksatly syýasatyň netijesidir. Bu pudaga uly möçberde maýa goýulýar, dünýäniň tehnologiýa taýdan ösen ýurtlary bilen bilelikde uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik desgalarynda innowasion, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalar ulanylýar.

24.09.2021

total-veiw

10260

Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ylmy esasda ösdürmek ugrunda çykyş edýär

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly taryhy çykyşynda häzirki döwrüň dürli ählumumy wajyp meselelerini, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde täze çemeleşmeleri teklip etdi.

01.09.2021

total-veiw

10182

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny durnukly durmuş-ykdysady ösüş bilen garşylaýar

Türkmenistan amatsyz daşarky ýagdaýlara garamazdan döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna durmuş-ykdysady ösüşde gazanan gowy netijeleri bilen barýar.

08.08.2021

total-veiw

12464

Awazada guralan sebit forumlary dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen häzirki döwrüň sebit we ählumumy möhüm meselelerini çözmekde düýpgöter täze, toplumlaýyn, giň gerimli çemeleşmeleri, täzeçil taglymlary öňe sürýän ýurt hökmünde umumy ykrar edilen belent derejesini ýene bir gezek tassyklady.

10.07.2021

total-veiw

19157

Türkmenistan-Italiýa: söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegi

7-nji iýulda geçirilen «Italýan kompaniýalary üçin maýa goýumlary we Türkmensitan bilen hyzmatdaşlykda telekeçilik mümkinçilikleri» atly tanyşdyrylyş hyzmatdaşlygy ösdürmekde nobatdaky ädim boldy. 2019-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary iki ýurduň gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berdi, onuň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

04.07.2021

total-veiw

15837

Merkezi Aziýa: köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk we geljege umumy garaýyş

Aşgabatda geçirilen türkmen-gyrgyz gepleşikleriniň netijeleri bilermenleriň Merkezi Aziýada sebit kooperasiýasynda we goşulyşmasynda täze ösüşiň kemala gelýändigi baradaky pikirini tassyklaýar. Gol çekilen resminamalaryň uly toplumynda önümçilik kooperasiýasy barada iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşyk we 2021-2023-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy Maksatnamasy; daşky gurşawy goramak babatda ugurdaş guramalaryň hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama we energetika edaralarynyň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama hem-de beýleki möhüm resminamalar bar. 

23.07.2020

total-veiw

26795

BSG-na synçy derejesi: ykdysadyýetiň ýokary depginli ösüşi üçin şertler

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy” ýe

...69