Ykdysadyýet
09.04.2024
6755
Türkmen telekeçileri TEIF 2024-e gatnaşarlar
Şu ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar. Forumyň maksatnamasy, çykyş etjekler we sessiýa alypbaryjylary, şeýle hem bu giň gerimli çärä gatnaşjaklaryň çen edilen sanawy kesgitlendi.
08.04.2024
6889
Ýurdumyzyň telekeçileri Eýranda geçiriljek sergä gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi «SITEX2024» dokma senagatynyň halkara sergisiniň geçiriljekdigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň telekeçilerine bu sergä gatnaşmak mümkinçiliginiň bardygy barada habar berýär.
08.04.2024
7713
Ulag-aragatnaşyk toplumy ýurdumyzyň jemi içerki önümine goşandyny artdyrýar
Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösüş görkezijileri şu ýylyň birinji çärýeginde onuň depginli ösýän pudaklaryndan biridigini tassyklaýar. Şu döwürde iş öndürijiliginiň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118 göterime ýetdi.
08.04.2024
5377
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 590 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
07.04.2024
4524
2024-nji ýylyň başyndan bäri eksporta çykarylan pomidoryň möçberi 3% ýokarlandy
Häzirki wagtda döwletimizde eksport harytlarynyň görnüşini artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, daşary ýurtlara çykarylýan türkmen harytlarynyň möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Eksport harytlarynyň aglaba bölegini bolsa, oba hojalyk önümleri düzýär.
07.04.2024
4505
Gündogar sebitde ýüpek gurçuklaryny idetmeklige girişildi
Howanyň amatly gelmegi, baglaryň ir oýanmagy, tut ýapraklarynyň ir ýetişmekleri netijesinde Lebap welaýatynyň Gündogarynda ýerleşýän etraplarda pileçi-kärendeçilere ýüpek gurçuklary paýlanylyp, olary idetmeklik işlerine guramaçylykly girişildi.
05.04.2024
5520
Daşoguz welaýatynda pagta ekişiniň depgini ösýär
Ýer we howa şertleri sebäpli bu ýerde ekiş ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda giç başlanandygyna garamazdan, jogapkärli ekiş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmak bilen, daýhanlar ony wagtynda tamamlamagy maksat edinýärler.
04.04.2024
5796
Söwda toplumynyň sergisi gelenleriň ünsüni özüne çekýär
Türkmenistanyň söwda toplumynyň Aşgabatda geçýän sergisi ol ýere gelenlerde – kärdeşleri bilen iş meselelerini ara alyp maslahatlaşýan hünärmenlerde we bu gün söwda ulgamlarynyň hem telekeçileriň hödürleýän täze harytlarydyr hyzmatlary bilen tanyşmaga gelen adamlarda ýakymly täsir galdyrýar.
04.04.2024
5487
Gündogar sebitde owlak-guzy möwsümi üstünlikli tamamlandy
Lebap welaýatynyň zähmetsöýer maldarlary ýurdumyzyň maldarlary üçin jogapkärli döwür bolan owlak-guzy möwsümini üstünlikli tamamladylar.
04.04.2024
4442
Rumyniýada geçiriljek sarp edilýän harytlaryň halkara sergisinde türkmen telekeçileriniň önümleri bolar
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň 16-njy maýyndan 19-njy maýyna çenli Rumyniýanyň paýtagty Buharestde her ýyl geçirilýän sarp edilýän harytlaryň halkara sergisine gatnaşyp bilerler. Sergini «ROMEXPO S.A.» guraýar.