Ykdysadyýet
06.11.2021
5844
Türkmenistanda deňiz portlarynyň howpsuzlygyny dolandyrmak boýunça halkara okuw guraldy
Aşgabatda COVID-19 pandemiýasy şertlerinde deňiz portlarynda dolandyryş usullaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara onlaýn kursy guraldy.
06.11.2021
7303
Türkmenistanyň we Eýranyň gümrük gulluklary «e-TIR» ulgamyny ornaşdyrmak mümkinçiligine ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Tähranda Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük ýolbaşçylygynyň jogapkär wekilleri bilen duşuşdy we «e-TIR» taslamasyna gatnaşyjylary artdyrmak arkaly awtoulagly ýük daşama ulgamyny sanlylaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
04.11.2021
16771
Türkmen konditerleriniň önümleri Almatydaky sergide
«Balam» türkmen hususy kärhanasy Merkezi Aziýanyň 23-nji «FoodExpo Qazaqstan 2021» halkara sergisine konditer önümleriniň dürli görnüşini hödürledi. Almaty şäheriniň «Atekent» sergi merkezinde açylan sergä dünýäniň 36 ýurdundan 450-den gowrak kärhnalar gatnaşýar. Olar öz önümlerini bölümlerdäki iýmit we içgiler, tehnologiýalar, çörek bişirme we konditer senagaty, komponentler atly stendlerde görkezerler. Uly göwrümli bu forum 5-nji noýabra çenli dowam eder.
04.11.2021
13702
Ätiýaçlyk şaýlary ýasalýar
Dünýäniň belli kompaniýalaryndan agrosenagat toplumyna satyn alnyp berilýän kuwwatly tehnikalaryň agrotehniki kadalara laýyklykda öndürijilikli işledilmegi oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda daýhanlaryň esasy ýardamçylary bolan kuwwatly traktorlaryň, kombaýnlaryň, tirkeg gurallarynyň, ekijileriň bökdençsiz işlemeklerini gazanmak maksady bilen Türkmenabadyň tejribe – synag abatlaýyş zawodynda olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamaklyk işi ýola goýlupdyr. Bu ýerde plastikden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar.
03.11.2021
15131
Tohumlar taýýarlanylýar
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň hünärmenleri agaçdyr gyrymsy agaçlaryň tohumynyň güýzki ýygymyna girişdiler. Jogapkärli güýzki tokaý ekinçiligi işleriniň biri bolan bu çäräniň sebitiň ýaşyl guşagyny dikeltmekde we giňeltmekde möhüm ähmiýeti bardyr.
02.11.2021
5674
«Iran Hodro» Türkmenistana eksport etmäge taýýar
Eýranyň iň iri awtomobil gurluşyk şereketi bolan «Iran Hodro Industrial Group» şereketiniň baş müdiri türkmen bazaryna ýangyjy dürli-dürli bolan (benzin we gaz) awtoulaglary eksport etmäge taýýardygyny mälim etdi.
02.11.2021
5698
Gyrgyzystan ilkinji ÝB – Merkezi Aziýa ykdysady forumyny kabul eder
5-nji noýabrda Bişkekde ÝB — Merkezi Aziýa ykdysady forumy geçiriler.
02.11.2021
5680
Pudagy döwrebaplaşdyrmaga gatnaşýarlar
Ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilen energiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegine hususy düzümler möhüm goşant goşýarlar. Şolaryň biri hem Daşoguz welaýatynda dürli inženerçilik we tehniki desgalary, şol sanda energiýa pudagyna degişli desgalary gurmakda ýöriteleşdirilen «Ýupek ýoly gurluşyk» hojalyk jemgyýetidir.
01.11.2021
9809
Türkmen manady — ýurdumyzyň üstünlikli ösüşiniň nyşany
Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli pul birliginiň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli, ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
01.11.2021
5169
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.