Ykdysadyýet
07.03.2012
1300
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwaty artýar
Üňüz aňyrsyndaky Garagumda täze Kerwen gaz-kondensat ýatagy senagat taýdan özleşdirmek üçin ulanmaga berildi
06.03.2012
849
Türkmenistan-Beýik Britaniýa: özara bähbitli işjeň gatnaşyklary pugtalandyrmak ugry bilen
Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň britan tarapyndan başlygy jenap Ronald Neşiň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolýar
04.03.2012
1001
Sebitde iň iri dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kärhana
Garlygyň dag magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinatynyň dikligine gazylýan ilkinji şahtasy gazylyp başlanyldy
04.03.2012
937
GIPERMARKET- şäher içinde şäher
Türkmen telekeçileri ýurdumyzda ilkinji gipermarketiň gurluşygyna başlaýarlar
01.03.2012
848
Telekeçiler Balkan welaýatynda gurluşyk işlerini ýaýbaňlandyrýarlar
Telekeçiler Balkan welaýatynda 40-dan gowrak täze desgalary gurarlar
01.03.2012
971
Burawlar deňize ýalpaklygyna süýşýärler
Geologlaryň Goturdepäniň demirgazygyndaky täze känlerde uglewodorodyň baý gorlarynyň bardygy baradaky çaklamalary tassyklanyldy
01.03.2012
1089
Pagtaçylaryň ýaz aladalary
Altyn asyr etrabynyň ekin meýdanlarynda gowaça ekişine taýýrlyk görmek işleri dowam etdirilýär
29.02.2012
875
Täze çözgütler döwri
Türkmenistanyň, Germaniýanyň we Awstriýanyň telekeçileri gurluşyk tehnologiýalary we maldarçylyk ulgamlary boýunça tejribe alyşdylarŞu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oçir Oçirjawdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildiren ilçi öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Mongoliýanyň Prezidenti Sahiagiýn Elbegdoržyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryň we durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Mejlisiň alyp barýan işleri, döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeler we hukuk reformasy bilen baglylykda onuň eýeleýän orny hem-de wezipeleri söhbetdeşligiň aýratyn meselesine öwrüldi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşmagyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Onuň amala aşyrylmagy iki ýurduň bähbidine hyzmat eder. Dostlukly döwletleriň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmek, netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksadynda ilçi medeni alyşmalary işjeňleşdirmek ugrunda pikir aýtdy.
Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky gatnaşyklary üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.
***
Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Oçir Oçirjaw saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady we gumanitar ulgamlary, oba hojalygy, hususan-da, maldarçylyk agzaldy, syýahatçylyk, sport we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk görkezildi.
24.02.2012
913
Aýazly howanyň synagy
Ahalyň düýedarlary aýazly howany üstünlikli ýeňip geçmegi başardylar
23.02.2012
862
Geljekki hasyl barada alada edilýär
Murgap sebtinde gowaça ekişine 165 müň gektar ýer bölünip berildi