Ylym
25.10.2025
3242
«Çölleri özleşdirmek meseleleri» žurnalynyň täze sany
1967-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Aşgabatda neşir edilýän «Çölleri özleşdirmek meseleleri» atly halkara ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Žurnalyň redaksiýasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň binasynda ýerleşýär. Onuň redaksiýa topary we awtorlar topary Türkmenistanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ysraýylyň görnükli çöl ylymlary boýunça alymlaryndan durýar.
24.10.2025
3043
Türkmenistanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdebi Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasyna kabul edildi
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň resmi taýdan täze agzalygyna saýlandy.
23.10.2025
3393
Türkmenistan ABŞ-nyň Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Billingsde Montana ştatynyň Döwlet uniwersitetine (Montana State University Billings) baryp gördüler.
22.10.2025
3518
Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýada iňlis diliniň öwrenilişini tizleşdirmek boýunça halkara okuw maslahatyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti Britan geňeşi tarapyndan Özbegistanyň Daşkent şäherinde 20 – 23-nji oktýabr aralygynda guralan «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi tizleşdirmek» atly halkara okuw maslahatyna gatnaşýar.
21.10.2025
3764
Türkmen talyplary Indoneziýada geçirilen halkara ylmy bäsleşikde altyn medala mynasyp boldular
Düzümi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Ogulnur Rozyýewanyň ýolbaşçylygyndaky talyplar Gadyr Orazberdiýewden we Selbi Kerimgulyýewadan ybarat bolan ýokary okuw mekdebiniň milli topary Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde 14 – 17-nji oktýabry aralygynda geçirilen «World Youth Invention and Innovation Award 2025» (WYIIA) halkara ylmy bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi.
21.10.2025
3427
Türkmenistanly mugallymlar Ýaponiýada hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler
1 – 17-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Läle Orazgulyýewa we Didar Mämmedow Ýaponiýanyň Kawasaki şäherinde ýerleşen Nanolukmançylyk innowasion merkezinde (Innovation Center of NanoMedicine — ICONM) hünär ýokarlandyryş maksatnamasyny geçdiler.
21.10.2025
3071
Türkmen wekiliýeti «Lu Banyň ussahanasy» atly okuw maslahatyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti 10 – 16-njy oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Ninbo şäherinde geçen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarynyň bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin «Lu Banyň ussahanasy» atly okuw maslahatyna gatnaşdy.
20.10.2025
1280
Hytaý wekiliýeti Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde boldy
15–17-nji oktýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň çäklerinde «Lu Banyň ussahanasyny» döretmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin türkmen ýokary okuw mekdebinde iş saparynda boldy.
17.10.2025
1325
Täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi esasynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň ýokary we orta okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çap edildi.
16.10.2025
4958
Inklýuziw bilim boýunça okuw-usuly gollanma neşir edildi
Türkmenistanda rus dilinde «Образование детей с ограниченными возможностями здоровья в условиях инклюзивного обучения» («Inklýuziw okuw şertlerinde saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bilimi») atly täze okuw-usuly gollanma çap edildi.