Ylym
15.05.2026
3465
PETRONAS uniwersitetiniň professory türkmen nebitgaz ýokary okuw mekdebinde okuw sapagyny geçirdi
11 – 14-nji maý aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň geologiýa fakultetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin PETRONAS tehnologiýa uniwersitetiniň professory onlaýn okuw sapagyny geçirdi.
15.05.2026
2668
Gahryman Arkadagymyz «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek başlangyjyny öňe sürdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatynda çykyş edip, bilim we magaryf ulgamynda ähmiýetli başlangyç bilen çykyş etdi.
14.05.2026
2775
Himiýa senagatynyň ylmy mümkinçilikleri
Şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli “Himiýa we himiýa tehnologiýalary: ýetilen sepgitler we geljegi nazarlaýan ösüşler” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy maslahat geçirildi.
14.05.2026
2654
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy – amaly maslahat geçirilýär
13-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ylymlar güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi.
13.05.2026
3263
«Dünýä dilleri - dostluk ýollary» at bilen rus dili dersinden onlaýn bäsleşik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hünäri boýunça rus dili bolan talyplarynyň arasynda «Dünýä dilleri – dostluk ýollary» at bilen rus dili dersinden onlaýn bäsleşik geçirildi.
13.05.2026
2909
Ýasmin Guedar Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça merkeziniň bilermenleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezinde ýokary okuw mekdebiniň bilermenleriniň we ylmy işgärleriniň fransiýaly diplomat, ilçi, Hormatly legiony ordeniniň kawaleri, Parižde ýerleşýän Ýewropa maglumat-seljeriş kollejiniň sekretariatynyň direktory Ýasmin Guedar bilen duşuşygy boldy.
12.05.2026
3397
Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty «Ylym we bilim XXI asyrda» atly halkara maslahaty geçirer
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli «XXI asyrda ylym we bilim» atly halkara ylmy maslahat geçiriler.
12.05.2026
3105
Daşary ýurtly hünärmenler okuw sapagyny guradylar
11-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilip başlanan «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigiň çygrynda bu institutyň mugallymlary we talyplary üçin okuw sapaklar alnyp barylýar.
11.05.2026
3856
Mekdep okuwçylary üçin täze okuw kitaplary neşir edildi
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň orta mekdepleriniň rus dilinde okadylýan 5-nji synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çap edildi.
11.05.2026
2820
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Tokioda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti Nobuo Haruna bilen duşuşygy geçirildi.