Ylym
06.06.2024
5079
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ylmy maslahat bilen bellendi
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Önümçilik galyndylaryndan ekologiýa taýdan arassa täze önümleri almagyň tehnologiýalary» atly ylmy maslahaty geçirildi.
05.06.2024
15899
Binagärlik sungaty: däp bolan ýörelgeler we häzirki zaman meýilleri
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bilim ministrligi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde guralan wekilçilikli forum Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de Ylymlar gününe bagyşlandy.
05.06.2024
5241
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda iňlis dili hepdeligi geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň ýörelgesiniň» durmuşa geçirilmegine gönükdirilen iňlis dili hepdeligini geçirdi.
04.06.2024
4810
Türkmenistanyň talyby Durnukly ösüş maksatlar boýunça halkara olimpiadada 1-nji orny eýeledi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Jora Jumakulow Gazagystan-Germaniýa uniwersiteti tarapyndan guralan «Merkezi Aziýada, Owganystanda we Mongoliýada Durnukly ösüş maksatlary» atly halkara internet olimpiadasynda birinji orny eýeledi.
03.06.2024
5610
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary maldarçylykda başarnyklaryny ýokarlandyrýarlar
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň biologiýa we oba hojalygy ugurlarynyň talyplary üçin oba hojalyk mallaryny iýmitlendirmek kadalarynyň häzirki zaman ulgamy barada onlaýn umumy sapaklary guraldy.
31.05.2024
8783
«Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezi tomusky okuwlara çagyrýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezi giň gerimli ugurlar boýunça okajaklary tomusky okuwlara çagyrmagyny dowam edýär.
31.05.2024
5064
Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanda biotehnologiýany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
30-njy maýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Ýurdumyzda biologiýa ylymlaryny we biotehnologiýalary ösdürmek» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi, onda alymlar «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 ‒ 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
31.05.2024
5094
Türkmenistanyň wekilleri Hazar ylym-bilim kongresine gatnaşdylar
29 – 31-nji maý aralygynda Astrahan oblastynda geçirilen Hazar ylym-bilim kongresi ylym, tehnologiýalar, bilim we medeniýet, şeýle hem Hazarýaka ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň dürli pudaklaryna hünärmenleri taýýarlamak meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikler üçin meýdança boldy.
30.05.2024
4786
Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-i bilen hyzmatdaşlygy temasy boýunça talyplaryň arasynda breýn-ring geçiriler
Ýakynlaşyp gelýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça breýn-ring geçiriler.
28.05.2024
5150
Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri talyplar üçin maglumat howpsuzlygy boýunça umumy okuw sapagyny geçdiler
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty hem-de akademik M.F.Reşetnew adyndaky Sibir döwlet ylym we tehnologiýalar uniwersiteti bilelikde talyplar üçin «Maglumat howpsuzlygy» temasy boýunça onlaýn umumy okuw sapagyny guradylar.