Ylym
10.03.2023
5917
Teoretiki mehanika boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşyjylary hasaba almak tamamlanyp barýar
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Teoretiki mehanika» dersinden II Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga haýyşnamalaryň kabul edilmegi tamamlanyp barýar.
06.03.2023
7733
Türkmen talyplary Gazagystanda geçirilen olimpiadada baýrakly orunlara mynasyp boldular
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň ikisi Almaty şäherindäki K.I.Satpaýew adyndaky Gazagystan milli ylmy-barlaglar tehniki uniwersitetiniň we onuň düzümindäki T.K.Basenow adyndaky Binagärlik we gurluşyk institutynyň guran Respublikan talyplar onlaýn olimpiadasynda baýrakly orunlary eýelediler.
06.03.2023
11368
«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» atly halkara bäsleşiginiň geçiriler.
06.03.2023
11941
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda nemes diliniň hepdeligi geçirildi
Şu ýylyň fewral aýynyň 27-sinden mart aýynyň 5-i aralygynda «Türkmenistanda daşary ýurt dilleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alyp, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda nemes diliniň hepdeligi geçirildi.
03.03.2023
7846
«Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasy bäsleşige çagyrýar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, 2023-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» dersi boýunça II Açyk Halkara internet olimpiadasyny geçirýär we talyplary bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.
03.03.2023
5517
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly žurnalyň ilkinji sany çap edildi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly çärýekde bir gezek çykýan internet-žurnalyň birinji sanyny neşir etdi, onda innowasion ylmy we tehnologiki ugurlary öz içine alýan köp sanly makalalar ýerleşdirilipdir.
03.03.2023
6671
Gowaça tohumlaryny taýýarlamagyň biologik usuly işlenip taýýarlanyldy
Türkmenistanda gowaça ekişine taýynlyk güýçli depginlerde alnyp barylýar, 2023-nji ýylda munuň üçin 580 müň gektar ýer bölünip berildi. Ýaz ekişinde topragy ýuwmak, ýer sürmek we tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de enjamlaryny taýýarlamak ýaly çäreler we toplumynda gowaça tohumlaryny ekişe taýýarlamagyň işi hem möhüm ähmiýete eýedir.
02.03.2023
7176
TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri ulanylan suw serişdelerinden wodorod öndürmek üçin ylmy barlaglar geçirýärler
Howanyň üýtgemeginiň we senagatyň daşky gurşawa hem-de adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini azaltmak, şeýle hem daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini peseltmek boýunça Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
02.03.2023
9449
Gaplaňgyr goraghanasy: jandarlaryň sanawy uzalýar
Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň sanawyna oňurgasyz jandarlaryň täze görnüşleri girizildi. Bu, köpýyllyk ylmy-seljeriş işleriň we edaranyň hünärmenleriniň 2019 – 2022-nji ýyllarda sebitiň häzirki ýagdaýyny we biodürlüligini öwrenmek boýunça guran saparlarynyň netijesinde mümkin boldy.
01.03.2023
7075
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: taslamanyň ikinji möwsüminiň dördünji oýnunyň geçiriljek senesi yglan edildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we bu ýokary okuw mekdebiniň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi Türkmenistanyň mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly uly bäsleşigiň ikinji möwsüminiň saýlama tapgyrynyň dördünji oýnunyň geçiriljekdigini yglan etdi.