Ï Nusgawy sazlar ýaňlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nusgawy sazlar ýaňlandy

view-icon 1913
Nusgawy sazlar ýaňlandy
camera-icon
Ýusup Türşekow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl geçirilýän ýaş mugallymlaryň festiwalynyň çäginde kirişli saz gurallary kafedrasy konsert berdi.

Nusgawy aýdym-sazy söýüjiler üçin Kakageldi Hojalekow wiolonçelde we halkara baýragynyň eýesi Aýbölek Muhyýewa skripkada Bahyň, Sen-Sansyň we Mosartyň ajaýyp sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Sazandalar meşhur kompozitorlaryň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ussatlyklaryny ýene bir gezek görkezdiler. Olara halkara bäsleşigiň diplomanty Stella Faramazowa we Jennet Hudaýgulyýewa sazandarlyk etdiler.

Tomaşaçylar konserwatoriýanyň iki mugallymynyň çykyşyny hem mähirli garşyladylar we olary gutlap, hoşallyklaryny bildirdiler.

Aýbölek bilen bolan gysga söhbetdeşlikde:

– Aýbölek, konsertden kanagatlandyňyzmy? – diýip soradyk. Ol: 

– Elbetde. Başda men az-kem tolgundym, ýöne hemme zat gowy boldy-diýip, jogap berdi.

– Ýygy-ýygydan çykyş edýändigiňize garamazdan, barybir tolgundyňyzmy? – diýen soragymyza bolsa:

– Her gezek skripka alyp sahna çykanymda, ilkinji gezek sahna çykýan ýaly tolgunmany başdan geçirýärin – diýdi .

Biz hem olara geljekde-de üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdik.