Ï Hasyl toýuna bagyşlanan sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hasyl toýuna bagyşlanan sergi

view-icon 2312
Hasyl toýuna bagyşlanan sergi

Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu pudagyň dünýäniň iň kämil, ýokary öndürijilikli, kuwwatly tehnikalary bilen üpjün edilmegi, ýerden bol hasyl almaklyk üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi, şeýle hem oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanmagy daýhanlaryň has-da ruhlanyp zähmet çekmeklerini üpjün edýär. Ýylyň-ýylyna oba hojalyk önümleriniň bol hasylynyň alynmagy bolsa, bu pudakda işleriň sazlaşykly guralandygyna şaýatlyk edýär. 

Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda Hasyl toýunyň belentden tutulmagy hem zähmetsöýer daýhanlarymyza döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasydyr. Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Lebap welaýatynda hem bu baýramçylyk mynasybetli oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň mazmunyny açyp görkezýän dürli çärelere giň gerim berilýär. 

Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hasyl ussatlarynyň baýramy mynasybetli guralan giň gerimli sergi hem çuňňur mazmuny bilen tapawutlandy. «Rysgally topragyň bereket mukamy» ady bilen guralan bu serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Demokratik hem-de Agrar partiýalarynyň işjeň agzalary we jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri, ussat kärendeçiler we mehanizatorlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. 

Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň ösüşleri, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan giň gerimli işler, daýhanlarymyzyň çekýän tutanýerli zähmeti netijesinde döredilýän rysgal-berekediň bolçulygy barada buýsanç aýdyldy. Bu ýerde çykyş eden hasyl ussatlary çekýän zähmetlerine goýýan belent sarpasy hem-de ene toprakdan bol hasyl almaklyga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Soňra bu ýere ýygnananlar sergi bilen tanyşdylar. Bereketli türkmen topragynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda ekerançylygyň gadymyýetden gelýän nusgalaryny, milli mirasymyza degişli muzeý gymmatlyklaryny özünde jemlän sergi oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.