28-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljegi uly ugurlary» atly II halkara ylmy-amaly maslahat geçirer.
Guramaçylar halkara ylmy-amaly maslahata Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professorlaryny, mugallymlaryny, ylmy işgärlerini, aspirantlaryny, magistrlerini we talyplaryny çagyrýarlar.
Çäre onlaýn görnüşde türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Maslahat üç bölümçeden ybarat bolar:
I bölümçe: Ykdysadyýetiň durnukly ösüşiniň geljegi uly ugurlary.
II bölümçe: Ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde maliýe gurallarynyň orny.
III bölümçe: Ykdysadyýetiň durnukly ösüşinde menejmentiň we marketingiň orny.
Maslahata gatnaşmak isleýänler 12-nji noýabra çenli tsiem.conference@gmail.com elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna bellige alnyş namasyny, tezislerini, synlaryny we çykyşlaryny ugratmalydyrlar.
Gatnaşjaklaryň hersi maslahata diňe bir çykyş hödürläp biler. Iş özbaşdak ylmy häsiýete eýe bolmalydyr hem-de maslahatyň temasyna laýyk gelmelidir.
Forumyň geçirilişi we ylmy işleri resmileşdirmegiň düzgünleri baradaky giňişleýin maglumatlar institutyň saýtynda ýerleşdirilendir, şeýle hem (+99312) 48-62-71, +99365 65 55 35 telefon belgiler we tsiem.conference@gmail.com elektron salgy boýunça alyp bolar.
Guramaçylar bu maslahatyň özara bähbitli ylmy we amaly bilimleri hem-de gymmatly akademik tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döretjekdigine, şeýle hem Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.