Ï Umumy bilim berýän mekdeplerinde okuwçylaryň güýzki dynç alyş möwsümi dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Umumy bilim berýän mekdeplerinde okuwçylaryň güýzki dynç alyş möwsümi dowam edýär

view-icon 113
Umumy bilim berýän mekdeplerinde okuwçylaryň güýzki dynç alyş möwsümi dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň umumy bilim berýän mekdeplerinde okuwçylaryň güýzki dynç alyş möwsümi dowam edýär. Şu döwürde mekdep okuwçylary üçin ýurdumyzyň Bilim ministrligi tarapyndan ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda dynç alyş möwsüminde bolýan okuwçylar ýörite guralýan dürli bäsleşiklere gatnaşýarlar hem-de muzeýlerde, konsert meýdançalarynda bolup medeniýetli dynç alşyň ýokary derejeli mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarlar.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen milli bilim ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillere berilýän bilimiň we terbiýäniň netijeli häsiýete eýe bolmagy üpjün edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, güýzki dynç alyş möwsüminde umumy bilim berýän mekdepleriň çäklerinde dürli ugurlary öz içine alýan bäsleşikler guralýar. Çagalar “Altyn asyryň altyn zehinleri, edebiýat ugry boýunça geçirilýän bäsleşiklere halkara derejesindäki taslama we ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, ýokary netijelere mynasyp bolýarlar. Munuň özi ýaşlaryň aň-düşünje taýdan kämilleşmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.

Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän sport bäsleşikleri has-da gyzykly bolup, ol ýatda galyjy pursatlara beslenýär. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine işjeň gatnaşýan ýaşlaryň sanynyň artmagynda ähmiýetli hasaplanylýar. Şeýlelikde, okuwçylar özara toparlara bölünip sportuň dürli görnüşleri boýunça gyzykly bäsleşikleri guraýarlar.

Aýratyn-da, mekdep okuwçylarynyň edebiýata höwes edýän toparlarynyň gatnaşmagynda şygryýet çäreleri guralýar. Ýaşlar özleriniň ýat tutan we döreden goşgularyny okap, birek-biregiň döredijilik dünýäsi bilen tanyşýarlar. Bu çäreleriň köpçülikleýin esasda guralmagy we olaryň köptaraply häsiýete eýe bolmagy okuwçylaryň döredijilik zehinleriniň netijeli ösdürilmegini şertlendirýär.

Şeýle hem mekdep okuwçylarynyň güýzki dynç alyş möwsüminiň medeni maksatnamasyna laýyklykda dürli gezelençler guralýar. Olar şäher kitaphanalaryna baryp, kitaphana işgärleriniň kitaplar dünýäsi barada berýän gürrüňlerini uly höwes bilen diňleýärler. Kitaphana işgärleri okuwçylaryň höwes bildirýän ugry berýän sowallaryna jogap berip, okuwçylaryň höwes edýän ugurlary bilen gyzyklanýarlar.

Mundan başga-da, mekdep okuwçylary amaly-haşam sungatyna degişli muzeýlere gezelençler gurap, halkymyzyň taryhynyň dürli döwürleri, durmuş aýratynlyklary bilen gyzyklanýarlar. Aýratyn-da, amaly-haşam sungatyň eserleri okyjylaryň esasy isleg bildirýän ugurlarynyň biri bolup durýar. Muzeý işgärleri bu ýerde görkezilýän gymmatlyklaryň taryhy, olaryň özboluşly aýratynlyklary we halkymyzyň dürli döwürlerdäki durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berýärler.

Okuwçylar muzeýleriň häzirki döwrüne degişli bölümlerindäki gymmatlyklar bilen aýratyn gyzyklanýarlar. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri we ýeten derejesi bilen baglanyşykly meselelere uly gyzyklanma bildirýändiklerini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Bu çäreler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetirmek bilen bir hatarda okuwçylar üçin ýatda galyjy täsirli pursatlary peşgeş edýär. Bu bolsa mekdep okuwçylarynyň güýzki dynç alyş möwsüminiň örän gyzykly we peýdaly geçirmekleri ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir.