Ï Türkmenistanda dümewi anyklamak boýunça gysgaça okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda dümewi anyklamak boýunça gysgaça okuw geçirildi

view-icon 1517
Türkmenistanda dümewi anyklamak boýunça gysgaça okuw geçirildi

3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň ähli sebitlerinden gelen wirusologiýa barlaghanasynyň hünärmenleri üçin dümewi we dem alyş ýollaryndaky ýiti ýokançlyklary anyklamak boýunça gysgaça okuw geçirildi.

BSGG-niň Türkmenistan boýunça edarasy tarapyndan guralan bu okuw Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Epidemiologiýa gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmitlenme merkezinde geçirildi.

Okuw dümewe we beýleki dem alyş ýollarynda kesel döredijilerine wirusologik gözegçilik boýunça milli mümkinçilikleri güýçlendirmäge, şeýle hem mümkin bolan keselleriň mümkingadar ir anyklanmagynyň hem olara garşy göreşmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilipdi.

Okuwa Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň, Aýratyn howply ýokançlyklaryň öňüni alyş merkeziniň we Arkadag şäheriniň hem-de ýurduň welaýatlarynyň sanitariýa we epidemiologiýa gulluklarynyň wirusologiýa barlaghanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Oňa gatnaşanlar üç günlük okuwyň dowamynda PCR anyklamak boýunça nazary bilimleri we amaly başarnyklary, şol sanda PCR usulynyň girişi hem nazaryýeti, dümewi anyklamak boýunça amaly dersleri we alnan netijeleri seljermegi öz içine alýan bilimi ele aldylar.

Okuw gazanylan başarnyklary berkitmäge we olary gündelik barlaghana işlerinde ulanmaga gönükdirilen amaly tabşyryklar bilen tamamlandy.