Türkmenistan howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we daşky gurşawy goramak ýaly strategik taýdan möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga çalyşýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ bilen «Merkezi Aziýa + ABŞ» Sammitiniň meýdançasynda mälim etdi.
Döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň şu maksat edilen ugurlaryny görkezip, sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegine hem-de «C5+1» formatyndaky özara gatnaşyklaryň sebitiň durnukly ösüşine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde Waşingtonda geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.