«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda görnükli rus ýazyjysy Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bolup geçdi.

Beýik nusgawy ýazyjynyň doglan gününiň 204 ýyllygy mynasybetli guralan bu çäre diplomatik edaralaryň wekilleriniň, jemgyýetçilik işgärleriniň, şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň mugallymlarydyr okuwçylarynyň ünsüni özüne çekdi.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin ýygnananlara ýüzlenip, şeýle diýdi:

– Geçen ýyl Dostoýewskiniň Türkmenistandaky ilkinji ýadygärligi hut şu ýerde, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur ýazyjylaryň esasy ýodasynyň ugrunda açyldy. Olaryň hormatyna gurlan ýadygärlikler halklaryň dostlugyny, doganlygyny we hoşniýetli goňşuçylygyny özünde jemleýär. Bu ýere ady dakylan akyldar türkmen şahyry hem hut şuny ündäpdi.
Ilçi türkmen filosofynyň pikirleriniň Dostoýewskiniň «Gözellik dünýäni halas eder» şygarynyň ruhy taýdan sazlaşyklydygyny nygtady.

– Bu sözlerde çuňňur many jemlenendir, sebäbi awtor, esasan, içki, ruhy gözelligi göz öňünde tutupdyr ahyryn. Çünki onuň jana kuwwat beriji güýji adamzady özgertmäge ukyplydyr. Türkmen dostlarymyzyň bu ýerde Dostoýewskiniň ýadygärligini dikeltmek karary rus edebiýatynyň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň ykrar edilmeginiň subutnamasydyr.
Çykyşynyň ahyrynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabatda Dostoýewskiniň ýadygärliginiň ebedileşdirilendigi üçin hoşallyk bildirdi.
A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň taýýarlan edebi we sazly kompozisiýasy çäräniň çeper bezegi boldy. Fýodor Mihaýlowiçiň meşhur eserlerinden sahnajyklar bolsa awtoryň halka ýetirmek isleýän we onuň tüýs ýürekden ynanýan pikirleriniň beýany bolup hyzmat etdi.
Dostoýewskiniň dünýä derejesinde ykrar edilmegi inkär edilmezdir. Onuň eserleri ýüzden gowrak dile terjime edildi we Russiýada hem onuň çäginden daşarda neşir sany boýunça birinji orny eýeleýär. Dostoýewskiniň döredijiliginiň muşdaklary Türkmenistanda-da bar. Mysal üçin, ussat relýef heýkeltaraşy Aleksandr Kaşirskiý nusgawy ýazyjynyň 200 ýyllygy bellenýän ýylda Fýodor Mihaýlowiçiň bürünç portretini döretdi