Ï «Belet» ulanyjylaryň arasynda meşhurlygyny barha artdyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Belet» ulanyjylaryň arasynda meşhurlygyny barha artdyrýar

view-icon 1799
«Belet» ulanyjylaryň arasynda meşhurlygyny barha artdyrýar

12 – 15-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilýän «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara serginiň we ylmy maslahatyň, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň çäginde ýurtda meşhurlyk gazanan «Belet» taslamasyny esaslandyryjy, türkmen telekeçisi Sapar Nyýazow «Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna bu onlaýn platformasynyň geljegi barada gürrüň berdi.

Söhbetdeşimiz bu hyzmatyň 2021-nji ýylda işe girizilendigini aýtdy. Ol Türkmenistanda UEFA Çempionlar Ligasynyň oýunlaryny 4K formatynda mahabatsyz ýaýlyma hödürlän ilkinji OTT gullugy boldy.

Taslamanyň esaslandyryjysynyň sözlerine görä, «Belet» türkmen tomaşaçylarynyň arasynda derrew meşhurlyk gazandy.

«Biziň hyzmatymyz tutuş ýurdy öz içine alýar. Häzirki wagtda platformanyň işjeň ulanyjylarynyň sany aýda takmynan 800 müňe ýetýär» diýip, S.Nyýazow aýtdy.

Telekeçi şeýle hem «Belediň» Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi bilen hyzmatdaşlyk edýändigini, olaryň täze resminamalaýyn we çeper filmleriniň görkezilişini guraýandygyny aýtdy. Kompaniýa ýerli telewideniýe ýaýlymlary bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmagy we «Samsung», «LG», «Hisense» we «Apple TV» ýaly akylly telewizorlar üçin maksatnamalary işe girizmegi meýilleşdirýär.