Ï Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

view-icon 744
Türkmenistanyň we Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Yrak Respublikasynyň Daşary işler ministri Fuad Muhammed Huseýn bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde iki döwletiň ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etdirmäge bolan özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Mundan başga-da, Aşgabat şäherinde 12-nji dekabrda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylyk meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Forum Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygyna hem-de Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanar.