Ï Ýaş nesil – geçmiş bilen geljegiň arasyndaky köpri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş nesil – geçmiş bilen geljegiň arasyndaky köpri

view-icon 1947
Ýaş nesil – geçmiş bilen geljegiň arasyndaky köpri

Bu şygaryň mizemezligi we ähmiýeti şu günlerde Daşkent şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýanyň ruhy mirasy we aň-bilim» atly halkara kongresiň gatnaşyjylarynyň umumy miras meselelerini ara alyp maslahatlaşmalarynda we guramaçylyk duşuşyklarynda ençeme gezek nygtaldy.

Türkmen ýaşlary hemişe häzirki zaman pikirleriň ýaýradyjysy bolup, şol bir wagtda, milli däplere we taryhy gymmatlyklara uly hormat-sarpa goýýarlar. Hut şonuň üçin hem türkmen ýaşlarynyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaşlarynyň dialogy döredildi. Bu dialog bilim, medeniýet, ekologiýa we durmuş ösüşiniň esasy meseleleri boýunça tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança hökmünde özüniň netijeliligini görkezdi.

Dialogyň ilkinji duşuşygy Arkadag şäherinde 2023-nji ýylyň oktýabrynda geçirildi. 2025-nji ýylyň aprel aýynda bolsa bu başlangyç halkara derejede ösdürilip, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüne sebitimiziň ýaş liderleriniň ýüzlenmeleri ýetirilen Nýu-Ýorkdaky çäreleriň çäklerinde-de beýan edildi. Bu ädimler Türkmenistanyň sebit ýaşlar dialogyny «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibine çykarmaga çalyşýandygyny aýdyň görkezýär.

Soňky döwürde Türkmenistanda geçirilen forumlaryň we duşuşyklaryň tejribesi ýaşlaryň ylym we bilim, saglygy goraýyş, ekologiýa howpsuzlygy, medeniýet we medeniýetara alyşmalar ýaly ugurlarda jemgyýete aýdyň peýda getirýän taslamalary durmuşa geçirmäge ukyplydygyny görkezýär. Bu çäreler diňe bir açyk pikir alyşmak üçin mümkinçilik bermän, eýsem, anyk netijeleri hem berýär.

Merkezi Aziýanyň ruhy mirasy diňe ýadygärlikler we ýazgylar bilen çäklenmeýär. Halkara kongresde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Ýaşlar syýasaty bölüminiň müdiri Wepa Gutlyýewiň aýtmagyna görä, bu däp-dessurlar we özara hormat goýmak, däpleriň we innowasiýalaryň dialogy, durnukly jemgyýeti mümkin edýän ahlak gymmatlyklaryny ösdürmekdir. Mundan başga-da, häzirki döwrüň ylym-bilim işiniň öz köklerine hormat goýmagy we bilimiň täze görnüşlerine – sanly bilime, ugurlar arasyndaky gözleglere, döredijilik senagatyna we meýletinçilik başlangyçlaryna açyklygy özünde jemlemegi möhümdir.

Kongresiň gatnaşyjylarynyň biragyzdan ykrar etmegine görä, diňe akýürekli hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we yzygiderli dialog şertlerinde ruhy mirasyň baýlygyny gorap saklamak we şol bir wagtda, ony täze hakykatda janly, döwrebap dowam etdirmegi üpjün etmek mümkindir. Türkmenistan hemişe hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga we parahatçylygy pugtalandyrmaga, bilim we medeni gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän başlangyçlar babatda Merkezi Aziýa halklary bilen bilelikde işlemäge taýýardyr.