Ï Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 345
Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebit integrasiýasy ministri Samuel Okudzeto Ablakwanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Telefon söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti tassyklandy.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn hem üns berildi.