Ï Türkmenistanyň we Alžiriň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Alžiriň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

view-icon 1241
Türkmenistanyň we Alžiriň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler, daşary ýurtlardaky milli jemgyýetçilik we Afrika işleri boýunça ministri Ahmed Attafyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça türkmen-alžir hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Iki döwletiň halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi.

Ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine hem degip geçdiler.