Ï Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi

view-icon 871
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi

14 – 16-njy noýabr aralygynda Pekinde geçirilen hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Hytaýyň Dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň (CLEC) direktory bilen iş duşuşygyny geçirdi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlygy müdirliginiň başlygy, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy girdiler. 

Taraplar häzirki gatnaşyklar baradaky meseleleri, şeýle hem Türkmenistanda hytaý dilini okatmak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mundan beýläkki çärelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hususan-da, hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin:

– häzirki zaman okuw kitaplaryny, sanly we multimediýa materiallaryny döretmek boýunça tejribeleri öwrenmek;

– bilelikdäki maslahatlary, forumlary, okuw maslahatlaryny guramak;

– hytaý diline erk edýän mugallymlary türkmen ýokary okuw mekdeplerine ugratmak;

– gysga möhletleýin alyşmalar hem-de hytaý diliniň tomusky we gyşky mekdeplerini guramak;

– bilim çärelerini we halkara ýaşlar maksatnamalaryny geçirmek;

– hytaý dilini öwrenmek hem-de Hytaýyň uniwersitetlerinde okamak üçin talyp haklary bermek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.

Türkmen tarapy Türkmenistanda hytaý dilini okatmak babatda berilýän goldawlar üçin hoşallyk bildirdi hem-de bilelikdäki taslamalary giňeltmäge gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Hytaýyň merkezi bilen türkmen ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Ähtnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan bilelikdäki işleriň netijeli bolandygy nygtaldy. 

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagy hem-de Türkmenistan bilen HHR-niň arasynda akademiki aragatnaşyklary işjeň ösdürmegi maksat edinýändiklerini we muňa taýýardyklaryny tassykladylar.