Aşgabatda «LEAP» maksatnamasynyň çäklerinde maldarçylyk we daşky gurşaw boýunça hünärmenler üçin niýetlenen okuwlar başlandy. Okuwlaryň agramly bölegi wideoaragatnaşyk arkaly uzak aralykdan geçirildi.
Iki akymyň diňleýjileri üçin olaryň howaýy tälimçileriniň gatnaşmagynda jemleýji okuw maslahaty guraldy. Olar Aşgabada gelen we «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen ylmy-amaly duşuşygyň moderatorlary hökmünde BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) halkara bilermenleri Françesko Akkatino (Italiýa), Ýuriý Nesterow (Ukraina, Türkiýe), Siýanýu Song (Hytaý) çykyş etdiler.
Çykyş edenler FAO-nyň ýolbaşçylyk ýörelgelerini ulanmak arkaly täze maldarçylyk taslamalaryny işläp düzmek we pudagyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak ýagdaýyny saklamak üçin maldarçylyk ulgamlarynyň biodürlüligine täsirini bahalandyrmaga gönükdirilen täze maksatnama barada gürrüň berdiler.
Maksatnamany amaly taýdan düşünmek üçin gatnaşyjylar tebigy serişdeleriň ýagdaýy we mal-guşlary, şol sanda balykçylyk we aryçylyk bilen baglanyşykly aýratyn ugurlary işläp taýýarlamak üçin toparlara bölündiler. Maldarçylygyň tebigat üçin maddy we maddy däl bähbitleri ýüze çykaryldy.
Maldarçylyk ylmynyň tebigy gurşawy we agrobioköpdürlüligi gorap saklamakdaky goşandy gümrük weterinar gözegçiligi, şeýle hem ýurtdaky ähli görnüşli oba hojalyk haýwanlarynyň baş sanyny sanjym bilen üpjün etmek arkaly ýurt içinde we sebitde mallaryň we guşlaryň zoonoz, parazitar, wirus we ýokanç kesellerine garşy göreşmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň Merkezi barlaghanasynyň binýadynda birnäçe kesellere garşy waksinany öndürmek boýunça döwlet sargytlary ýerine ýetirilýär. Bu, ýyllyk ulanylýan şeýle derman serişdeleriniň göwrüminiň bäş göterimine deňdir.
Ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk mallarynyň arasynda epizootik howpsuzlygyny saklamak, ýabany tebigatyň wekilleri üçin hem gorag bolup durýar.