2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudyň arasynda telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, olaryň ýokary derejedäki ynanyşmaga esaslanýan yzygiderli syýasy dialogyň esasynda pugtalanýandygyny bellediler.
Türkmen-saud gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça gün tertibiniň möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler halkara we sebit derejedäki köptaraplaýyn düzümlerde, şol sanda BMG-niň we YHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.
Gepleşiklerde şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meselelerine aýratyn orun berildi.