Ï Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri aragatnaşyk boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri aragatnaşyk boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar

view-icon 1736
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri aragatnaşyk boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar

26-njy noýabrda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Türkmenistandaky wekilhanasy maglumat işleri ulgamynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) mümkinçiliklerini güýçlendirmäge gönükdirilen aragatnaşyk we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça okuw maslahatyny geçirdi.

Çärä Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri, meýletinçiler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň utgaşdyryjysy Ermek Baýsalow (Gyrgyzystan) çykyş etdi. Öz çykyşynda bilermen ynsanperwerlik ugrunda netijeli aragatnaşyk strategiýalarynyň döredilişi baradaky tejribesi bilen paýlaşdy, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri bilen işleşmegiň usullaryny we ynsanperwerlik meselelerini jogapkärçilikli beýan etmegiň ýörelgeleri barada gürrüň berdi.

Has giň diňleýjiler toparyna takyk maglumatlary ýetirmegiň hilini ýokarlandyrmak üçin metbugat bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar amaly okuwlara işjeň gatnaşdylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

HGHK-nyň Türkmenistandaky Missiýasynyň ýolbaşçysy Mihail Rahmanow bu çäräniň ähmiýetini belläp, žurnalistler bilen ynsanperwer guramalaryň işgärleriniň umumy wezipeleri we durmuş taýdan möhüm maglumatlary ýetirmegiň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ilkinji gezek ýygnanandyklaryny belledi. Ol maslahatyň tejribe alyşmak we umumy habar beriş standartlaryny işläp taýýarlamak üçin mümkinçilik döredendigini belledi.

TGÝMJ-niň Halkara bölüminiň başlygy Witaliý Zatsepin, 2025-nji ýylyň Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigini göz öňünde tutup, maslahatyň häzirki wagtda geçirilmeginiň aýratyn möhümdigini belläp geçdi. Ol Bitaraplyk syýasaty we ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň paýhasly başlangyçlary ýurdumyzda we halkara arenasynda hem parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we ynsanperwerligi pugtalandyrylmagyna goşant goşýandygyny nygtady.