Ï Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat we sergi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat we sergi

view-icon 1468
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat we sergi

Bagtyýar zamanamyzyň nurana keşbi, ajaýyp geljegimiziň ygtybarly kepili bolan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde bu şanly senä bagyşlanan ýokary ruhubelentlige beslenen dürli çäreler giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylýar.

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli bilelikde guran dabaraly maslahaty, şeýle hem muzeý işgärleriniň bu baýrama bagyşlap ýaýbaňlandyran giň göwrümli sergisiniň açylyş dabarasy hem çuňňur mazmuny bilen tapawutlandy. «Dost-doganlyk baýramy – Bitaraplyk parahatlyk aýdymy» ady bilen geçirilen dabaraly maslahata muzeý we jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň işgärleri we işjeň agzalary bilen birlikde ýaşuly nesliň wekilleri, welaýat hem-de etrap kazyýetleriniň, Lebap welaýat gümrükhanasynyň, Lebap welaýat adalat bölüminiň, Polisiýa müdirliginiň işgärleri, Türkmenabat şäher maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle hem kitaphana işgärleri gatnaşdylar.

Örän işjeň ýagdaýda geçen maslahatda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň Berkarar Diýarymyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan okgunly ösüşlerindäki, sebitde we dünýäde parahatçylygy gorap saklamakdaky wajyp orny barada çuňňur mazmunly çykyşlara orun berildi. Halkymyzyň paýhasly pederlerimizden gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgeleriniň, ynsanperwerlige, dost-doganlyga, hoşniýetli gatnaşyklara ýugrulan däp-dessurlarynyň hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň özenine öwrülmegi ata Watanymyzyň abraý-mertebesini arşa göterdi. Bu ýörelgeler, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli, dostana syýasaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejämiziň çuňňur mazmuny çykyşlaryň özenini düzdi.

Dabaraly maslahatyň dowamy muzeýiň işgärleri tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp guralan «Bitaraplyk – parahatçylykly ösüşleriň gözbaşy» atly serginiň açylyş dabarasy bilen utgaşdy. Bu ýerde edilen täsirli çykyşlardan soňra, maslahata gatnaşyjylar sergide ýerleşdirilen Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesiniň özenini açyp görkezýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Ata Watanymyzyň baky Bitaraplygy bilen aýrylmaz baglanyşykly ykdysady galkynyşyny, bilim, saglyk, medeniýet we sport ulgamlarynda ýeten belent derejelerini teswirleýän gymmatlyklar, amaly-haşam, nakgaş we senetçilik işleri, surat eserleri kalplarda milli mirasymyza, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyza bolan buýsanjy has-da artdyrdy.

Şeýle hem sergide ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzyň ýerleşdirilmegi türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, mertebeli şu gününe, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyna dünýä jemgyýetçiliginiň, şol sanda BMG-niň goýýan belent sarpasynyň beýanyna öwrüldi.