Ï Türkmenistan sebitleýin we ählumumy maksatnamalaryň çäginde BMG bilen gatnaşygyny giňelder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan sebitleýin we ählumumy maksatnamalaryň çäginde BMG bilen gatnaşygyny giňelder

view-icon 261
Türkmenistan sebitleýin we ählumumy maksatnamalaryň çäginde BMG bilen gatnaşygyny giňelder

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňelderis, milli, sebit hem-de ählumumy maksatnamalary döretmäge we amala aşyrmaga ünsi jemlemegi, olara ýöriteleşdirilen düzümleri çekmegi gazanar.

Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşynda belläp geçdi.

Döwlet Baştutanymyz örän möhüm ählumumy sebit meselelerini çözmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda, has giň ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyna adalatly we sazlaşykly çemeleşmeleri tassyklamakda BMG-niň ýurdumyzy jogapkärli hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde görýändigini aýratyn belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara we sebit durnuklylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmäge netijeli, döredijilikli täsiri äşgär bolup durýar. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynda türkmen bitaraplygynyň artýan goldawynda öz tassyklanmasyny tapýar» diýip belledi.