Ï Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip etdi

view-icon 516
Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip etdi

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edip, möhüm halkara başlangyjy beýan etdi. Bu başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumda yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklaryny özüniň Bitaraplyk syýasaty netijesinde ösdürýän Türkmenistanyň mysaly Bitaraplygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny we ony Ýer ýüzüniň dürli böleklerinde ulanyp boljakdygyny görkezýär diýip pikir edýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Şunuň bilen baglylykda, parahatçylygy döretmek ulgamynda öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdelerini we usullaryny giňden peýdalanýan Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanyp, şeýle hem Bitaraplygyň tejribe häsiýetini ösdürmek we şunuň bilen baglylykda ylmy-barlag we bilim işini amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär» diýdi.

Döwlet Baştutanymyz bu başlangyjyň goldaw tapjakdygyna ynam bildirip, ýurdumyzyň dostlarymyz we hyzmatdaşlarymyz bilen şu meselä jikme-jik seretmäge taýýardygyny beýan etdi.