Ï Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

view-icon 2265
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat

15 – 21-nji dekabr aralygynda ýurdumyzyň köp ýerlerinde ýagyş we gar gatyşykly ýagyş ýagmagyna garaşylýar.

Aşgabatda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +2...+4 gradusdan +7...+9 gradusa çenli, gijelerine –1...–3 gradusdan +1...+3 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +1...+6 gradusdan +6...+11 gradusa çenli, gijelerine 0...–5 gradusdan –1...+4 gradusa çenli maýyl bolar. Ygalyň ýagmagy mümkin.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +7...+12 gradus, gijelerine –3...+2 gradusdan 0...+5 gradusa çenli maýyl bolar.

Mary welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine 0...+5 gradusdan +6...+11 gradusa çenli, gijelerine 0...–5 gradusdan +1...+6 gradusa çenli maýyl bolar. Hepdäniň dowamynda gar gatyşykly ýagşyň ýagmagy mümkin.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine 0...+5 gradusdan +8...+13 gradusa çenli, gijelerine –1...–6 gradusdan –1...+4 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine –3...+2 gradusdan +1...+6 gradusa çenli, gijelerine –2...–7 gradusdan –4...+1 gradusa çenli maýyl bolar. Hepdäniň dowamynda gar gatyşykly ýagşyň ýagmagy mümkin.