Hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Balkan welaýatynda hem dürli täsirli dabaralardyr çäreler belentden tutulýar. Şeýle döredijilik bäsleşikleriniň biri-de «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen buýsançly at bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti hem-de «Balkan» welaýat gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Welaýat merkezi Balkanabat şäherindäki Balkan welaýat kitaphanasynda döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy baý mazmuna, aýratyn ähmiýete beslendi. Bu bäsleşik ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň hem-de baky Bitaraplygynyň şöhratly ýyllarynyň içinde ýurdumyzda ýetilen sepgitleri, Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, birek-birege ynanyşmaga esaslanýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryndaky ägirt uly ähmiýetini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Bäsleşige welaýatyň etrap-şäherleriniň döredijilik bilen meşgullanýan raýatlary işjeň gatnaşdylar. Olaryň eserlerinde hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramynyň, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bütin älem içre meşhur bolan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň, günsaýyn dowamat tapýan oňyn özgertmeleriň, ruhubelent durmuşymyzyň waspy ýetirildi.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly döredijilik bäsleşiginde Bereket etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy Jänegül Gurbanowa birinji orna mynasyp boldy. Balkan welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Güýçnazar Täşliýew, Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň Saglyk öýüniň şepagat uýasy Soltan Taganowa hem degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Ýeňijilere Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine höweslendiriji baýraklar berildi hem-de döredijilik äleminde rowaçlyklar arzuw edildi.
