Ï Dostlugyň we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň nyşanyna öwrülen kitap ýarmarkasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dostlugyň we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň nyşanyna öwrülen kitap ýarmarkasy

view-icon 1074
Dostlugyň we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň nyşanyna öwrülen kitap ýarmarkasy

Aşgabatdaky Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli kitap ýarmarkasy guraldy. Bu çäre paýtagtymyzdaky iň uly kitap dükanlaryny bir ýere jemläp, myhmanlara diňe bir edebiýatyň baý görnüşlerini (dünýä edebiýatyndan başlap, çagalar ertekilerine çenli) däl, eýsem nusgawy sazlar we tagamlar bilen baýlaşdyrylan baýramçylyk ruhuna hem eýe boldy.

Medeniýetiň ösmegine, ekologiýa terbiýesine we okyjylaryň arasynda göni aragatnaşyga ýardam edýän bukkrossing zolagy çäräniñ esasy bölegi boldy. Çäräniň kiçi ýaşly myhmanlary üçin bolsa Täze ýyl baýramçylygynyň baş gahrymany – Aýazbaba bilen duşuşyk guraldy, ol Täze ýyl sowal-jogap bäsleşigini geçirip, baýramçylygyñ iñ ýaş myhmanlary bilen söhbetdeş boldy.

Şeýle-de çagalar üçin surat çekmek, el işleri bilen meşgullanmak boýunça döredijilik zolaklary guraldy we Aýazbaba arzuwly hatlary ýazmak üçin interaktiw mümkinçilik döredildi.

Guramaçylar şeýle başlangyçlaryň halkara medeni gepleşikleri pugtalandyrmakda we ilatyň arasynda okamagy wagyz etmekde möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Däbe öwrülen bu çäre diňe bir ýarmarka görnüşinde däl-de, eýsem, hakyky dostlugyñ we agzybirligiñ baýramçylygyna öwrüldi.