Ï Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2234
Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda paýtagtymyzda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we zenanlaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi. Çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraldy.

MDKG 3.0 – bu ýurduň gaýtadan seredilen milli derejede kesgitlenen goşandy bolup, ol Pariž ylalaşygynyň çäklerinde howanyň üýtgemegi baradaky milli hereket meýilnamasydyr.

Maslahatyň dowamynda klimat boýunça seljerijiler, BMGÖM-niň taslama hünärmenleri, bilermenler we Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri howanyň üýtgemeginiň durmuş we gender meselelerine edýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijesi boýunça zenanlary we ýaşlary MDKG 3.0-y durmuşa geçirmek hem-de monitoring işlerine ulgamlaýyn çekmek baradaky «ýol kartasynyň» esaslary taýýarlanyldy.

«Bu dialog howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda inklyuziw gurallary döretmekde BMGÖM bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da berkitmäge mümkinçilik berdi. Biz zenanlaryň baý tejribesiniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň milli meýilnamalaryň aýrylmaz bölegine öwrülmegine çalyşýarys. MDKG 3.0 durnukly geljege ýetmek üçin tutuş jemgyýetiň bähbitlerini özünde jemlemelidir» – diýip, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň direktory Leýli Şyhmadowa garaýyşlaryny paýlaşdy.

«Ynamly kepil» merkezinde geçirilen bu çärä dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, şol sanda «Ýaş tebigatçy» guramasynyň işjeň agzalarynyň 30-a golaýy gatnaşdy.