Ï Beýik işler täze taryhy döwrüň kuwwatly güýji
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik işler täze taryhy döwrüň kuwwatly güýji

view-icon 1717
Beýik işler täze taryhy döwrüň kuwwatly güýji

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tagallalary netijesinde tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenen hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanylan buýsançly ýylynyň bütin dünýä ýaň salan dabaralary kalplarymyzda unudylmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyza bu gün bütin il-ulsumyz guwanýar. Çünki, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi, şan-şöhraty has-da ýokary göterildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da Bitarap ýurdumyzyň tagallasy bilen dünýäde dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklary nusgalyk derejede ösdürildi. Munuň şeýledigine merjen paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan halkara maslahatlar, duşuşyklar, sergiler hem güwä geçýär. Dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip, halkara maglumat giňişliginde uly gyzyklanmalar, seslenmeler döreden halkara derejeli forumlarynyň hemmesi-de Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki yzygiderli artýan abraýynyň, meşhurlygynyň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen döwrüne, şöhratly ýoluna nazar aýlanyňda hem bu taryhy ýylda ägirt uly işleriň bitirilendiginiň şaýady bolýarsyň. Has takygy, döwletli Diýarymyzyň sebitlerinde täze-täze etraplar, şäherçeler, obalar... peýda boldy. Mundan başga-da döwrebap ýaşaýyş jaýlary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamynyň binalary, kuwwatly önümçilik desgalary gurlup, ulanylmaga berildi. Täze nebit-gazly ojaklar açylyp, ulanyşa tabşyryldy. Beýleki derwaýys pudaklar bilen birlikde gürrüňi edilýän ýangyç-energetika toplumyna degişli ençeme ägirt taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň milli strategiýasy esasynda hereket edýän senagat kärhanalarynyň önümçiliginde metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak, ekologiýa taýdan arassa, ösen tehnologiýalary we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak boýunça-da toplumlaýyn işler alnyp baryldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň pudaklaryny, medeni-durmuş ulgamlaryny guwandyryjy üstünliklere beslemegi başaran Balkan welaýatynyň önümçilik düzümleri hem Täze ýyly mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Bu günki gün geoykdysady taýdan Zemin togalagynyň amatly künjeginde-gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň Günbatar sebiti bolan Balkan welaýaty ýerasty, ýerüsti baýlyklarynyň ummasyz gorlaryna eýedir. Şonuň ýaly-da dünýäniň çar künjegine uzaýan polat, howa, deňiz-derýa, awtoulag ýollaryň, uglewodorod çig mallaryny akdyrmaga niýetlenen turba geçirijileriň ugrunda möhüm ähmiýetli orun tutýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatyndan nurlanýan welaýatyň kartasyna nazar aýlanyňda-da, buýsanjyň artýar. Sebäbi bu ýerler Hazar deňziniň kenarlaryndan başlanýan ümmülmez giňişligi, ululy-kiçili derýalary, çeşme-çaýlary, daglary, baýyrlyklary, gözýetmez giňişlige ýaýylyp gidýän uç-gyraksyz çöllükleridir çarwa ýaýlalaryny, bereketli ekerançylyk meýdanlaryny öz içine alýar. Ýer göwsünden alynýan nebitiň esasy böleginiň, gazyň milliardlarça kub metriniň, balyk we balyk önümleriniň, tebigy baýlyklaryň, nahar duzunyň, tehniki ýoduň, natriý sulfatynyň, bişofitiň, uglerodyň, bromuň... juda köp möçberleriniň jemlenmegi hem ýurdumyzyň uly ykdysady mümkinçilikleriniň netijeleridir. Bularyň hemmesi-de, hormatly Prezidentimiziň taryhy ähmiýetli çykyşlarynda ýerlikli bellenilişi ýaly, Berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady kuwwatynyň artmagyny, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Ýagşydan ýagşy arzuw-niýetler, belent maksatlar bilen garşy alynjak Täze, 2026-njy ýylda hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa beslenen tagallalary arkaly Diýarymyzda amala aşyryljak il-ýurt, döwlet bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriň geriminiň has-da artjakdygyna pugta ynanýarys.

Goý, bosagada duran Täze ýyl dünýä ýüzünde halkara parahatçylygynyň we ynanyşmagyň has-da pugtalanyp, parahat ýaşaýyşda, abadan durmuşda maksadalaýyk işleriň bitiriljek döwletli, galkynyşly ýyly bolsun! Munuň üçinem halkara ähmiýetli nusgalyk başlangyçlary öňe sürüp, umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun! Toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşsyn!

Oguljeren Durdyýewa, 
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy.