Ï Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda taryhy özgertmeler amala aşyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda taryhy özgertmeler amala aşyryldy

view-icon 1389
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanda taryhy özgertmeler amala aşyryldy

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşyp, 2025-nji ýylyň - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň jemleri jemlenip, ýakyn geljek üçin ösüş ugurlary kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, tamamlanýan ýyl ýurt üçin aýratyn ähmiýetli bolup, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhyna hemişelik girer. Ýylyň esasy halkara wakasy Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegi boldy.

Döwlet dolandyryşynyň esasy görkezijileri barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 44 mejlisiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 mejlisiniň geçirilendigini, 24 döwlet maslahatynyň geçirilip, olarda içerki we daşary syýasatyň strategiki meseleleriniň çözülendigini belledi. Şunuň bilen birlikde, döwletimiziň gülläp ösmegi üçin täze kanunlar kabul edildi.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depginleriniň saklanýandygyny nygtady. Zähmet haklary, pensiýalar, kömek pullary we talyp haklary wagtynda maliýeleşdirildi.

«Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy has-da rowaçlandy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy dowam etdirilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Mejlisiň esasy pursatlarynyň biri 2026-njy ýylyň şygarynyň we nyşanynyň tassyklanylmagy boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň halkymyz bilen bilelikde geljek ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny teklip edýändiklerini aýtdy we bu teklibi goldap, 2026-njy ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi.

Gysga we manyly bu jümle ýene-de bir gezek däpleriň dowamlylygyny, milli buýsanjy we döwletimiziň depginli ösüşini nygtady.