Ï Täze ýyl gijesinde Türkmenistanda nähili howa bolar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýyl gijesinde Türkmenistanda nähili howa bolar

view-icon 692
Täze ýyl gijesinde Türkmenistanda nähili howa bolar

Tamamlanyp barýan ýylyň soňky günlerinde Türkmenistanda howa durnuksyz bolar diýlip çak edilýär. Gündizlerine howanyň temperaturasy +18 gradusa çenli maýlar, Täze ýyl gijesi bolsa aram salkyn bolar. Hepdäniň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde gysga wagtlyk ýagşyň ýagmagy mümkin.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +5 gradusdan +7 gradusa çenli, gijelerine +1 gradusdan +5 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerinde +4 gradusdan +9 gradusa çenli, gijelerinde bolsa +3 gradusdan +2 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +12 gradusdan +17 gradusa çenli, gijelerine –3 ... +2 gradusdan +3 ... +8 gradusa çenli, kenarýaka etraplarda +7 gradusdan +12 gradusa çenli maýyl bolar. Hepdäniň ahyrynda ýagşyň ýagmagy mümkin.

Mary welaýatynda az bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerinde +6 ... +11 gradusdan +16 ... +21 gradusa çenli, gijelerine –3 ... +2 gradusdan +5 ... +10 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +5 ... +10 gradusdan +15 ... +20 gradusa çenli, gijelerine –4 ... +1 gradusdan +6 .. +11 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda bulutly we ýagyşly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine 0 ... +5 gradusdan +6 ... +11 gradusa çenli, gijelerine –2 ... –7 gradusdan –2 ... +3 gradusa çenli maýyl bolar.