Ï Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 222

2026-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismet Gezalow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary we iň ýokary derejeli saparlary, şeýle hem iki doganlyk ýurduň liderleriniň hem-de wekilleriniň arasyndaky duşuşyklary guramak meselelerine aýratyn üns berildi.

Diplomatlar şu ýyl üçin meýilleşdirilen çärelere, şol sanda Aşgabatda geçiriljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek mümkinçilikleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Taraplar Gündogar senenamasy boýunça şu ýylyň At ýylydygyny we Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at myradyň mekany» şygary astynda geçirilýändigini nygtap, atçylyk sungaty we atçylyk sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.